13-nji fewralda Bangladeşiň Milli partiýasy (BMP) parlamentdäki orunlaryň köpüsini eýeläp, saýlawlarda resmi taýdan ynamly ýeňiş gazandy.
Sesleriň gutarnykly sanalandan soň, BMP we onuň hyzmatdaşlary parlamentdäki 299 orundan 212-sini eýeländigi belli boldy. Yslam birleşigi (“Jamaat-e-Islami”) bolsa 77 orun aldy. BMP-niň lideri Tarik Rahmanyň Premýer-ministr hökmünde kasam kabul etmegine garaşylýar.
Mundan ozal, häzirki bir palataly parlamentdäki 300 orun ugrunda 2 müňden gowrak dalaşgäriň we 50-ä golaý partiýanyň bäsleşendigi habar berlipdi. Saýlawlar bilen bir wagtda ýurtda syýasy özgertmeler boýunça sala salşyk hem geçirildi. Bu özgertmeler parlamentiň ýokary palatasynyň döredilmegini öz içine alýar. Sala salşykda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň köpüsi ýurtda teklip edilýän özgertmeleri, hususan-da, parlamentiň ýokary palatasynyň döredilmegini makullady.
PDF









