12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.

Milli Liderimiz ilki bilen Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, bankyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bankda täze sanly tehnolgoýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işleri has ýokary derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilikler döredildi. Sanly ulgam müşderilere öz amallaryny uzak aralykdan dolandyrmaga, dürli amallary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasabyndan maglumatlary elektron görnüşde almak ýaly köp işleri ýerine ýetirmek mümkin.

Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrakdyr. Maliýe edarasynyň binasynda köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary hemme zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy bardyr. Bank işgärleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýär.

Häzirki wagtda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň gullugy we 23 sany şahamçasy ýurdumyz boýunça hereket edýär we 600 müňden gowrak müşderilere hyzmat edýär. “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär.

Soňra milli Liderimiz «Senagat»  paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bankyň umumy meýdany 16 müň inedördül metrden ybarat bolup, A toplumynda dolandyryş, hojalyk we tehniki otaglary ýerleşýär. Birinji gatda 247 orunlyk maslahatlar zaly we beýleki otaglar, 2-nji we 11-nji gatda iş otaglary bar. B toplumynda 2-nji gatda amallar zaly, müşderiler bilen işlemek üçin otaglar, kassalar ýerleşýär, şeýle hem bu ýerde gazna, 136 orunlyk naharhana we beýleki otaglar bar.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzyň öňdebaryjy paýdarlar täjirçilik banklarynyň biridir. Bankyň ýurdumyzda 13 şahamçasy we bank gullugy hereket edýär. Bank ilkinjileriň biri bolup, kiçi we orta telekeçilige maliýe goldawyny berip başlady. Onuň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, eýeçiligiň ähli görnüşlerdäki kärhanalar, bilelikdäki karhanalar we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri peýdalanýar.