Ilkinji gezek 32 klubuň gatnaşmagynda täze formatda geçýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ABŞ-da ýokary depginde dowam edýär. 6 konfederasiýadan 32 klub gatnaşyp, şolaryň 12-si Ýewropa wekilçilik edýär. Şol 12 klubuň arasynda “Barselona”, “Liwerpul”, “Napoli” ýaly möwsümi çempionlyk bilen tamamlan toparlar ýok. “Porto”, “Benfika”, “Red Bull Salsburg” ýaly klublar bolsa ýaryşa gatnaşýar. Munuň sebäbi nämekä?

Ilki bilen, 2025-nji ýylda gazanylan netijeler bu ýaryşa degişli däl. Bu gezekki ýaryşa 2021-2024-nji ýyllaryň aralygyndaky 4 ýyl degişli bolýar. 2025-2028-nji ýyllar 2029-njy ýyldaky ýaryşa degişlidir. FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň şahsy tagallalary bilen esaslandyrylan bu ýaryşa her ýurtdan iň köp 2 kluba gatnaşmaga ygtyýar berilýär.

Her konfederasiýanyň 2025-nji ýyly goşmanymyzda, soňky 4 ýyldaky çempionlarynyň (Ýewropa hem-de Günorta Amerika üçin), şol sanda her konfederasiýanyň reýtinginde öňdäki orunlary eýelän klublaryň gatnaşýan ýaryşynda, Braziliýadan 4 klub çykyş edýär. Sebäbi olaryň ählisi-de Günorta Amerikanyň Çempionlar Ligasy bolan Libertadores Kubogyny soňky 4 ýylda gazanan klublardyr. Argentinadan gatnaşýan 2 köne bäsdeş – “Boka Huniors” bilen “Riwer Pleýt” toparlary-da KONMEBOL-yň reýtinginde öňe çykan toparlar statusy bilen wekilçilik edýärler.

Ýewropadan “Çelsi” 2021-nji ýylyň, “Real Madrid” 2022-nji ýylyň (şol sanda 2024-nji ýylyňam), “Mançester Siti” 2023-nji ýylyň Çempionlar Ligasynyň çempionlary hökmünde ýaryşa gatnaşýarlar. “Bawariýa”, PSŽ, “Inter”, “Porto”, “Benfika”, “Borussiýa Dortmund”, “Ýuwentus”, “Atletiko Madrid”, “Red Bull Salsburg” toparlary 2021-2024-nji ýyllar aralygynda UEFA-nyň reýtinginde ilkinji 9 orny eýeledi. Her ýurtdanam 2 topara ygtyýar berilýändigi üçin “Barselona”, “Liwerpul”, “Napoli” ýaly klublar ýaryşyň daşynda galdy.

Aziýadan, Afrikadan hem-de Demirgazyk Amerikadan 4 topar bolup, olaryň ählisi-de yklymyň Çempionlar Ligasynyň ýaryşlarynyň ýeňijileri bolýar. Ýöne Afrikadan bu ýyly goşmanyňda 2021-2024-nji ýyllar aralygynda KAF Çempionlar Ligasynda Müsüriň “Al-Ahli” topary 3 gezek çempionlyk gazandy. Marokkonyň Widad topary-da 2022-nji ýylyň çempiony hökmünde wekilçilik edýär. “Esperens de Tunis” bilen “Mamelodi Sandawns” yklymyň reýtinginde öňdäki orunlary eýeländikleri üçin bu ýaryşda çykyş edýärler.

Edil şonuň ýaly Aziýada hem Çempionlar Ligasynyň çempionlary bolup, “Al Hilal” 2021-nji ýylyň, “Urawa Red Daýmonds” 2022-nji, 2023-nji ýylda ýaryşyň geçiriliş tertibi üýtgedilip, indi AFK-da bäsleşikler 1 kalendar ýylynda däl-de, möwsümleýin görnüşde guralýar. Şol sebäpli “Al Ain” 2023/24 möwsüminiň ýa-da 2024-nji ýylyň çempiony diýen at bilen gatnaşsa, koreýleriň “Ulsan HD” topary reýtingdäki orny sebäpli ABŞ-na geldi.

KONKAKAF-da bolsa soňky 2021-2024-nji ýyllar aralygynda meksikan klublaryň 3-si çempionlyk gazanypdy. 2021-nji ýylda “Monterreý”, 2022-nji ýylda “Sietl Saunders” (ABŞ), 2023-nji ýylda “Paçuka” hem-de 2024-nji ýylda “Leon” toparlary ýeňiji bolupdy. Ýöne FIFA-nyň düzgünine laýyklykda halkara ýaryşda eýeçiligi bir bolan 2 klub ýaryşa gatnaşmaýar. Ýagny “Paçuka” bilen “Leon” toparlarynyň eýesi bir adam bolany üçin olaryň 2-njisi ýaryşdan çykaryp, ýerine pleý-offda ýeňiş gazanan “Los Anjeles FK” topary gatnaşýar.