Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” öz meýdançasynda “Raýo Wallekanodan” iň kiçi hasap bilen üstün çykdy. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 24-nji minutda Ronald Arauho derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň “Barselona” utugyny 73-e çykaryp, çempionaty ilkinji 4 orunda tamamlamaga hukuk gazandy we UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminde ýaryşa gatnaşjak 36 klubuň ilkinjisi bolmagy başardy.

“La Ligada” 29-njy tapgyryň iň esasy oýnunda, Madrid derbisinde “Real” “Bernabeu” stadionynda “Atletikony” 3-2 hasabynda utdy. Lukmanyň 33-nji minutdaky goly bilen öňe geçen myhmanlara ýer eýeleri 52-nji minutda Winisiusyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly esasynda jogap berdi. Hatda “Real” 55-nji minutda Walwerdeniň goly bilen öňe hem geçdi. Ýöne 66-njy minutda Molina uzakdan jaýdar urgy bilen hasaby deňledi. 72-nji minutda Winisius Junior 2-nji gezek tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Duşuşygyň 77-nji minutynda emin tarapyndan gyzyl kart görkezilen Walwerde meýdançadan çykaryldy. “Real Madrid” “Atletikony” 3 ýyldan soň ýeňmegi başardy.

“Wilýarreal” öz meýdançasynda “Real Sosiedady” ilkinji ýarym sagat dolmanka Morenonyň, Mikautadzeniň hem-de Pepeniň geçiren gollary bilen 3-1 hasabynda utup, 3-nji orna beýgeldi.

4 goluň geçirilen oýnunda “Selta” öz meýdançasynda “Alawesi” kabul edip, 1-nji ýarymda 3-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Alawes” başgaça oýun görkezip, 4-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Wilýarreal – Real Sosiedad: 3-1 (Moreno 7, Mikautadze 15, Pepe 23 – Suçiç 47),

Elçe – Malýorka: 2-1 (Rafa Mir 62, Morente 71 – Pablo Torre 58),

Espanýol – Hetafe: 1-2 (Fernandes 68 – Duarte 45+3, Arambarri 45+7),

Lewante – Owiedo: 4-2 (Espi 4, 5, Losada 52, Romero 90+3 – Çaýra 44, Winýas 45+3 p),

Osasuna – Žirona: 1-0 (Budimir 80),

Sewilýa – Walensiýa: 0-2 (Duro 38, Ramazani 45+5),

Barselona – Raýo Wallekano: 1-0 (Arauho 24),

Selta – Alawes: 3-4 (Žutgla 19, 37, Alwares 27 – Martines 45+3, 74, Peres 50, Rebbaş 78),

Atletik – Betis: 2-1 (Wiwian 25, Sanset 45 – Fornals 75),

Real Madrid – Atletiko: 3-2 (Winisius 52 p, 72, Walwerde 55 – Lukman 33, Molina 66)