Ýa­raw­syz­lyk ta­pyp has­sa­ha­na dü­şen iş­deş ýol­da­şy­myň ha­lyn­dan ha­bar ala­ýyn di­ýip has­sa­ha­na­ gi­re­nim­de otur­gyç­da otu­ran gar­ry aýa­la gö­züm düş­di. Si­ňe se­ret­sem bir wagt­lar bi­ziň bi­len goň­şy otu­ran Ogul­la eje eken. Men onuň ýa­ny­na ba­ryp sa­lam ber­dim:
– Es­sa­law­ma­leý­kim, Ogul­la eje!
– Aleý­kim es­sa­lam!
Ogul­la eje ýü­zü­me çi­ňe­ri­lip se­ret­di-de me­ni ta­na­dy.
– Wiý, Gul­ly­jan, bu sen­mi­ asyl?
– Ha­wa, men Ogul­la eje.
– Bu ýer­le­re nä­me üçin gel­diň?
– Bir kär­de­şim ýa­raw­syz­lyk ta­pyp şu ýe­re dü­şüp­di. Şon­dan ha­bar ala­ýyn di­ýip ge­lip­dim. Si­zem bär­läp­si­ňiz-le?!
– Me­niň özüm şu ýe­re düş­düm.
– Nä­me bol­dy beý­le?
– Gul­ly­jan, bil­ýäň-ä üç sa­ny bas­daş­ja ogul­la­ry­myň bar­dy­gy­ny?!
– Ha­wa. Meý­lis, Me­kan, Mer­dan däl­mi­dir şo­lar?
– Ha­wa, tü­we­le­me, ýat­dan çy­kar­man­syň. Bu wagt olar se­niň gö­ren ko­wa­la­şyp ýö­ren ça­ga­la­ryň däl. Her­si bir dag ýa­ly ýi­git bo­lup ýe­tiş­di. Ola­ry öý­li-işik­li et­dim. Uly ogul­la­ry­ma go­laý­ja­gym­dan ja­ý alyp ber­dim.
– Tü­we­le­me, sen-ä esa­sy ala­da­lar­dan dy­na­ýyp­syň, Ogul­la eje!
– Ha­wa, maň­la­ýy­ma go­wy ge­lin­le­rem du­şaý­dy.
– Bo­la­ýyp­dyr. Ýö­ne Ogul­la eje bu ýe­re nä­me ýa­raw­syz­lyk ta­pyp ge­le­ni­ňi aýt­ma­dyň-la?
– Şu wagt şo­ny aý­dyp oty­ryn-da, aza­jyk how­luk­ma! Aýd­ýan-a, ge­lin­le­ri­miň hem­me­sem hyz­mat­ly, hem­me­sem eden­li­je. Bir gün Ma­ýa goň­şy­myz ýa­ny­ma gel­di-de «Tü­we­le­me, sen-ä bagt­ly eke­niň, go­wy ge­lin­ler edi­näý­diň. Bu ge­lin­le­riň eli has süý­jü­si haý­sy?» di­ýip so­ra­dy. Me­nem «Hem­me­si­ni­ňem eli süý­ji. Ýö­ne şu öý­de­çi gel­ni­miň eli has süý­ji ýa­ly» di­ýäý­dim. Şol gür­rü­ňi Ma­ýa goň­şy beý­le­ki ge­lin­le­ri­me ýe­tir­di­mi ýa-da öý­de­çi gel­nim el­ti­le­ri­niň ýa­nyn­da öwün­di­mi, bil­me­dim, şol gün­den soň uly ge­lin­le­rim gün­de me­niň üçin aý­ra­tyn na­har taý­ýar­lap ge­ti­rip baş­la­dy­lar. Öz­le­rem tä ge­ti­ren na­har­la­ry­ny iýip, jam­la­ry­ny bo­şa­dyp el­le­ri­ne ber­ýän­çäm, hoş sö­zü­me ga­ra­şyp otyr­lar. Eger haý­sy­dyr bi­ri­ne «Ba­lam, doý­dum» di­ýip na­ha­ryn­dan gal­dy­ryp yzy­na be­räý­sem ýaş­mak as­tyn­dan üm bi­len «Ta­gam­ly bol­man­dyr­my?» di­ýip so­rag ber­ýär­ler. Şo­nuň üçi­nem nä­çe do­kam bol­sam ola­ryň na­har­la­ry­ny iýip bol­man go­ýa­mok. Ine, bir gü­nem öý­de­çi gel­nim to­wuk­ly pa­law bi­şi­rip­dir-de, ki­çi­räk me­ji­mä­ni dol­du­ryp öňüm­de goý­dy. Ýa­ňy­bir pa­la­wy iýip bo­lup «Ba­lam pa­law-a bal ýa­ly edip­siň» di­ýe­nim­den ga­py­dan beý­le­ki ge­lin­le­rim gir­di. Bi­ri­niň elin­de üs­tü­ne süz­me dö­kü­len bir şa­kä­se man­ty, beýlekisiniň elin­de bir şa­kä­se bö­rek bar­dy. Ýa­ňy­ja do­ýa­nam bol­sam özü­me ag­ram sa­lyp iki­si­nem iý­dim. Köp iý­me­giň go­wu­lyk däl­di­gi­ni bil­semem, şeý­le ag­zy­bir, mäh­rem ge­lin­le­ri­miň göw­nü­ne de­gip bil­men-ä. Ge­lin­le­ri­me hoş sö­zü­mi aý­da­nym­dan soň, çy­kyp git­di­ler. Ýö­ne şon­dan soň me­niň sa­g­ly­gym uza­ga çek­me­di. Içim­den bir zat tow­lap baş­la­dy. Teý, bol­man­soň «Tiz kö­me­gi» ça­gyr­dy­k. Ge­len luk­man «Daý­za, şu gün nä­me iý­di­ňiz?» di­ýip so­ra­dy, me­nem nä­me iýe­ni­mi aýt­dym. Tas onuň gö­zi ha­na­syn­dan çy­kyp­dy. «Beý­dip özü­ňe kast et­me­li däl eke­niň-dä, daý­za!» di­ýip jib­ri­ni­ber­di.
Şon­dan soň şu ýe­re ge­tir­di­ler. En­çe gün bä­ri aş­ga­za­ny­ma be­jer­gi alyp ýa­ty­ryn.
– Nä­me üçin has­sa­ha­na dü­şe­ni­ňi ge­lin­le­riň bil­ýä­mi?
– Ýok, bi­le­nok.
– Be­jer­gi alyp ba­raň­soň ge­lin­le­riň ýe­ne öň­ki en­dik­le­ri­ne tu­tu­ber­se­ler nä­der­siň?
– Nä­me bol­sa gö­rü­be­re­ris. Ge­lin­le­ri­miň göw­nü­ne deg­me­je­gim-ä çy­nym­dyr.

Nur­ber­di Dä­de­ba­ýew.