Futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynda ýene-de Angliýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Şweýsariýada geçirilen 14-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Angliýa bilen Ispaniýanyň ýygyndy toparlary duşuşdy. Bazel şäherindäki “St. Ýakob-Park” stadionynda oýnalan duşuşyga 34 müň 203 janköýer tomaşa etdi. Duşuşykda fransiýaly emin Fransua Frappar jürlewük çaldy.
Garşylykly hüjümler bilen başlan duşuşykda ispanlar ilkinji bolup hasaby açdylar. Duşuşygyň 25-nji minutynda Mariona Kaldenteý kelle urgusy bilen topy derwezä girizdi. 1-nji ýarym ispanlaryň üstünligi bilen tamamlandy. 2-nji ýaryma Ispaniýa hüjümler bilen başlasa-da gol geçiren iňlisler boldy. Oýnuň 57-nji minutynda Hloe Kelliniň ajaýyp pasyndan soň topy Alessiýa Russo kelle urgusy bilen derwezä girizip, hasaby deňledi. Ispanlaryň goluna meňzeş bu gol esasy wagtdaky iň soňky takyk urgy boldy. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi.
Netijede, ýeňijini penalti urgulary kesgitlemeli edildi. Bu urgularda iňlisler has ökde çykyp, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şunlukda, Angliýanyň zenanlar ýygyndysy bassyr 2-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy. Şeýle-de, Angliýanyň erkek ýa-da zenan ýygyndy futbol topary Angliýadan daşgary başga bir ýurtda ilkinji gezek çempionlyk gazandy. Angliýanyň ýygyndysy mundan öň kümüşdir bürünç medallarynyň hersinden ikisini hem eýeläpdi.
Toparyň tälimçisi, niderland hünärmeni Sarina Wigman bu ýaryşda bassyr 3 gezek çempionlyk kubogyny asmana göteren 2-nji tälimçi boldy. Ol Angliýadan öň 2017-nji ýylda Niderlandlaryň ýygyndysy bilenen yklym ýaryşynda çempionlyga ýetipdi. Wigmandan öň Tina Teun Germaniýanyň ýygyndysy bilen 1997-2001-2005-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy.
Çempionatyň çäginde geçirilen 31 duşuşyga 657 müň 291, ortaça alnanda-da 21 müň 203 janköýer, tomaşa etdi. Iki görkeziji-de Ýewropa çempionatlary üçin rekorda deňdir. Ispaniýaly Aitana Bonmati çempionatyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. 4 gezek tapawutlanan Eşter Gonzales çempionatyň iň köp gol salan oýunçysy boldy. Şeýle-de, Angliýanyň ýygyndysyndan Miçelle Agýemang çempionatyň iň ökde ýaş oýunçysy baýragy bilen sylaglandy.
Zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionaty 1984-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Irki ýyllarda 3 ýa-da 2 ýyldan bir gezek geçirilen bäsleşik 1997-nji ýyldan soň her 4 ýyldan guralyp başlandy. Şu wagta çenli geçirilen 14 ýaryşda Germaniýanyň ýygyndysy 8 gezek çempionlyk gazanyp (1989, 1991, 1995, 1997, 2001, 2005, 2009, 2013), bu ugurda ep-esli tapawut bilen öňde barýar. Şu ýylky ýaryşyň netijesinde Norwegiýadan (1987, 1993) soň Angliýanyň hem 2 çempionlygy boldy (2021, 2025). Ilkinji çempion Şwesiýanyň (1984), şol sanda Niderlandlaryň (2017) ýygyndylary hem 1 gezek çempion diýen ady eýelediler.
Norwegiýa 4 gezek finalda utulyp, olaryň 3 bürünç medaly bar. Finalda 3 gezek utulan şwedler 5 sapar bürünç medal gazandylar. Italýanlar 2 gezek finala çykyp, 2-sinde-de ýeňlişe sezewar boldy. Ýaryşda 1995-nji ýyldan bäri 3-nji ýer üçin duşuşyk geçirilmeýär.