Beýik Britaniýada sap batareýa bilen işleýän ilkinji ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. “Interesting Engineering” neşiri habar bermegine görä, “Great Western Railway” (GWR) operatoryna degişli bolan otly Londonyň günbataryndaky West Iling-Grinford etraplarynyň aralygynda gatnaýar. Ýoluň uzynlygy, takmynan, 8 kilometr bolup, 12 minutlyk ýoluň ugrunda 4 duralga bar. Birinji tapgyrda otly şenbe günleri dizel ýangyçly düzüme derek işledilýär. 22 aýyň dowamynda geçirilen synaglaryň esasynda bu otly bir gezeklik zarýady bilen 322,6 km ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy. Mundan ozal 2021-nji ýylda Germaniýadaky otly bir gezeklik zarýady bilen 223,7 km ýol geçipdi. Otlynyň zarýad beriş işi “West Ealing” stansiýasyndaky relsiň gysga bölegine gurnalan 2000 kilowatlyk zarýad beriji enjam arkaly amala aşyrylýar. Rels diňe otly onuň üstünde doly duran wagtynda işe girizilýär. Netijede, gatnawlaryň arasyndaky 3,5 minutyň dowamynda doly zarýad almaga mümkinçilik berýär. “Great Western Railway”-yň inženerçilik direktory Saýmon Griniň bellemegine görä, şowly geçen synaglar batareýa tehnologiýasynyň kontakt ulgamy arkaly elektrikleşdirme işine ygtybarly we netijeli alternatiwa bolup biljekdigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde “Network Rail-iň” günbatar ugrunyň direktory Markus Jons hem demir ýolunyň ekologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, şeýle batareýaly otlularyň 2050-nji ýyla çenli zyýanly galyndylary nola düşürmek maksadyna ýetmekde uly orun eýelejekdigini uly buýsanç bilen belleýär.

Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.