«Tesla» kompaniýasy Koreýa Respublikasynyň LG kompaniýasyndan batareýa satyn almak üçin umumy bahasy 4,3 milliard amerikan dollary möçberinde şertnama gol çekdi. Ylalaşygyň çäklerinde koreý brendi energiýa saklaýjy desgalar üçin hem batareýa öndürer. LG-den satyn alynjak litiý demir fosfat (LFP) batareýalaryň ABŞ-nyň Miçigan ştatyndaky zawodynda öndürilmegine garaşylýar.
Mundan ozal, amerikan elektroulag öndürijisi beýleki bir koreý brendi bolan «Samsung Electronics»-den çip satyn almak üçin ylalaşypdy.
LG ABŞ-da LFP batareýalaryny öndürýän az sanly kompaniýanyň biridir. Kompaniýa şu ýylyň maý aýynda Miçigandaky zawodynda şeýle batareýalaryň önümçiligini ýola goýupdy. Koreý öndürijisi elektroulag batareýalaryna islegiň azalmagy bilen energiýa saklaýjy desgalar üçin batareýa önümçiligine başlapdy.