Awstraliýanyň Pilbara sebiti baý demir ýataklaryna eýe. Bu ýerde iş alyp barýan «Fortescue» kompaniýasy dizel ýangyjy bilen işleýän lokomotiwlerini has arassa energiýa çeşmeleri bilen işletmegi maksat edinýär. Ýakynda kompaniýanyň batareýa bilen işleýän ilkinji lokomotiwlerinden peýdalanylyp başlandy. Bu tehnologiýa otlyny elektrik energiýasy bilen işletmek üçin müňlerçe kilometre ýetýän howa elektrik geçirijilerini gurmaga bolan zerurlygy aradan aýyrýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa, howa goýberilýän hapa gazlaryň öňüni alýar.
«Progress Rail» kompaniýasy tarapyndan öndürilen täze lokomotiwleriň her biriniň batareýasy 14,5 MW/sagat möçberinde elektrik energiýasyny saklamaga ukyply. Bu bolsa aşa köp mukdardaky ýüki uzak aralyga äkitmäge ýetýär. Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy bolsa, regeneratiw, ýagny otly beýikden pese ýörände elektrik energiýasyny öndürip bilmegidir. Şeýlelikde, ýylda millionlarça litr nebit ýangyjy tygşytlanýar. Şeýle hem batareýalara gysga wagtda zarýad berip, amallaryň üznüksizligini üpjün edip bolýar. «Fortescue» kompaniýasy otlulara zarýad bermek üçin dolulygyna arassa çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürýän beket gurupdyr.
Mundan ozal bu ýerde iş alyp barýan BHP kompaniýasy hem şeýle otlyny işe girizipdir.
Selbi Annamyradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









