Ýekşenbe gününde badalga alan FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda şu wagta çenli 5 duşuşyk geçirildi.

Çempionatyň açylyş duşuşygynda “A” toparçada “Inter Maýami” bilen “Al-Ahli” toparynyň arasynda oýunda hasap açylmady. Duşuşygyň dowamynda müsürliler penalti urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Toparçadaky beýleki oýun hem golsuz tamamlandy. Ýagny Braziliýanyň “Palmeiras” topary bilen Portugaliýanyň “Porto” toparynyň arasyndaky duşuşykdan gol sesi eşidilmedi.

“B” toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi PSŽ topary ispanlaryň “Atletiko Madrid” toparyny 4-0 hasabynda ýeňdi. Jedelli hem-de dartgynly pursatlara baý bolan oýunda parižlileriň gollaryny Fabian (19), Witinýa (45+1), Maýulu (87) hem-de Li Kan In (90+7 p) geçirdi. Rumyniýaly Iştwan Kowaçyň jürlewük çalan oýnunda madridlilerden Lengle 78-nji minutda gyzyl kart aldy. Kowaç PSŽ-niň “Interi” 5-0 hasap bilen ýeňen UEFA Çempionlar Ligasynyň finalyna hem eminlik edipdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Braziliýanyň “Palmeiras” topary ýerli topar “Sietl Saundersi” Kunýa hem-de Igor Žesus gollaryň bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Amerikanlaryň ýeke-täk goluny 75-nji minutda Kristian Roldan geçirdi.

“C” toparçada Germaniýanyň “Bawariýa” topary Sinsinnatide Täze Zelandiýanyň wekili “Oklend Sitiniň” derwezesinden jogapsyz 10 pökgi girizdi. Gollaryň 6-sy 1-nji, galan 4-si bolsa 2-nji ýarymda hasaba alyndy. Jamal Musialanyň (67, 73, 84 p) het-trik eden duşuşygynda Kingsli Koman (6, 21), Mihail Olise (20, 45+3) hem-de Tomas Müller (45, 89) dagy 2 goldan geçirdi. Sag gyraky goragçy Saşa Boeý (18) hem tapawutlanyp, ol toparynyň 2-nji goluny öz adyna ýazdyrdy. Bu netije ýaryşyň çägindäki iň uly hasap hökmünde bellige alyndy. Şu ýaryşdan soň Bawariýa bilen hoşlaşjak Tomas Mülleriň klubdaky geçiren gollarynyň sany 250-ä ýetdi.