ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols Ak Tamda gepleşik geçirdiler. Iki ýurduň özara hyzmatdaşlyklary we birnäçe halkara meseleleri 8-nji fewralda Kansler Olaf Şols bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň arasyndaky gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar COVID-19 pandemiýasyny ýok etmek, saglyk howpsuzlygyny güýçlendirmek, howa goýberilýän zyýanly gazlara gözegçiligi has-da artdyrmak, global ykdysady dikeldişi goldamak üçin has güýçli bilelikdäki çäreleri amala aşyrmak hem-de Germaniýanyň “Uly ýedilige” başlyklygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da iki ýurduň Liderleri dünýäde durnuklylygy we abadançylygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Baýden Berlin bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy we transatlantik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Bu Olaf Şolsuň Germaniýanyň Kansleri hökmünde Waşingtona ilkinji saparydyr. ABŞ Germaniýanyň Ýewropa Bileleşigine girmeýän iň möhüm hyzmatdaşy we NATO-nyň ýaranydyr.

Şeýle-de, 15-nji fewralda Olaf Şols Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada ýüzbe-ýüz duşuşar. Taraplaryň, ilkinji nobatda, halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.