“Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, “SpaceX”-iň biržada paýnamalarynyň hödürlenjekdigi baradaky habarlaryň peýda bolmagy bilen, Ilon Maskyň baýlygy 600 milliard dollardan geçdi. Amerikan işewüriniň oktýabr aýyndaky arassa baýlygy 500 milliard dollardan geçipdi. Işewüriň “SpaceX” kompaniýasynda 42 göterimlik paýy bar. “SpaceX” jemi 800 milliard dollar baha bilen birža çykarylar. Bu bolsa, Maskyň baýlygyny 168 milliard dollar artdyrdy. Netijede onuň baýlygy 677 milliard dollara ýetdi.
Maskyň “Tesla” kompaniýasynda hem 12 göterimlik paýy bar. Satuwynyň azalýandygyna garamazdan, “Tesla”-nyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 13 göterim ýokarlandy.