ABŞ-ly işewür Ilon Maskyň baýlygy 800 milliard dollardan geçip, taryhda bu sepgide ýeten ilkinji adam boldy. Eýeçilik edýän “SpaceX” kompaniýasynyň emeli aň we jemgyýetçilik tory startapy bolan “xAI”-i satyn almagy bilen onuň baýlygy hem artdy. “Forbes” žurnalynyň habaryna görä, “SpaceX” bilen “xAI” kompaniýalarynyň ylalaşmagy Maskyň baýlygyny 84 milliard dollar artdyryp, 852 milliarda ýetiripdir. Iki kompaniýanyň umumy bahasynyň bolsa, 1,25 trillion dollara ýetendigi çaklanylýar.
Ylalaşykdan ozal Maskyň “SpaceX”-de 42%, “xAI”-de 49% paýnamasy bardy. Ylalaşykdan soňra Maskyň iki kompaniýada jemi 542 milliard dollarlyk paýnamasynyň bardygy bellenilýär.
Bulardan başga-da Maskyň “Tesla”-da 12% paýnamasy bar.
Maskyň baýlygy geçen ýylyň oktýabrynda 500 milliard, dekabrda 600 milliard, dört gün ozal bolsa, 700 milliard dollar sepgidine ýetipdi.
“Forbes” neşiriniň maglumatyna görä, Maskyň baýlygy dünýäniň ikinji baý adamy bolan “Google”-yň esaslandyryjylarynyň biri Lerri Peýjden 578 milliard dollar köp. Şeýlelikde Mask dünýäniň ilkinji trillioneri bolmaga barha golaýlaşýar.
PDF









