Ýyl­la­ryň bi­ri-bi­rin­den zyýada gel­me­gi ýü­rek­le­ri­mi­zi joş­dur­ýar, gö­wün­le­ri­mi­zi gal­kyn­dyr­ýar, öňü­miz­de tä­ze mak­sat­la­ry go­ýup, ola­ra amal et­mä­ge hö­wes dö­red­ýär. Bu ýyl hem şeý­le bol­dy. 2026-njy
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly, ba­dy­ny hem, ady­ny hem be­dew­den alan­dy­gy­na buý­san­ýan ýa­ly, dur­şy bi­len nu­ra­na­ly­ga bes­len­ýär. Ha­ky­kat­dan hem, at türk­me­niň my­ra­dy, ýe­ňiş­li ýol­lar­da gol­daw be­ren da­ýan­jy. Bu ýy­lyň ady­nyň be­hiş­di be­dew­le­ri­miz bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ýe­til­jek be­lent üs­tün­lik­ler­den, aşyl­jak şöh­rat­ly men­zil­ler­den ny­şan­dyr.
Bu ýy­lyň joş­gu­na baý­dy­gy­nyň ýe­ne bir se­bä­bi bol­sa, pe­der­le­ri­mi­ziň baş ar­zu­wy, ne­sil­le­riň buý­san­jy bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­­ly­gy­my­za 35 ýyl dol­ýan­dy­gy­dyr. Hal­ky­my­zyň yk­bal to­ýy di­ýip toý­la­ýan bu baý­ra­my her bir türk­men ra­ýa­ty üçin aý­ra­tyn ga­dyr­ly­dyr, gym­mat­ly­dyr. Çün­ki Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Wa­ta­ny söý­mek, Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak ba­ra­da­ky tag­ly­ma­ty bu gün hal­ky­my­zyň uly buý­sanç bi­len eýer­ýän mi­ze­mez ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.
Ha­ky­kat­dan hem, halk bi­len Wa­tan bir ten, bir jan bo­lup, bi­te­wü­li­ge öw­rü­len­de, mak­sat­lar my­rat tap­ýar, top­ra­gyň be­re­ke­di, ha­sy­lyň hüm­me­ti art­ýar. Ýa­şa­ýyş süý­jäp, ömür­ler çuň ma­na eýe bol­ýar. Ag­zy­bir­lik, je­bis­lik Wa­ta­ny öz­gerd­ýär, onuň ab­raý-mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­ýär, şa­ny­na şan, şöh­ra­ty­na şöh­rat goş­ýar. Bu uly bag­tyň öze­nin­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ga­raş­syz­lyk – bag­ty­myz» at­ly ki­ta­byn­da: «Ga­raş­syz­lyk di­ňe bi­ziň öz­baş­dak döw­le­ti­mi­ziň bar­ly­gy­ny däl, oza­ly bi­len, öz­baş­dak halk hök­mün­de bi­ziň özü­mi­ziň bar­ly­gy­my­zy aň­lad­ýan­dyr. Ga­raş­syz­lyk – bar­ly­gy­myz. Ga­raş­syz­lyk – bag­ty­myz» di­ýip, jaý­dar bel­leý­şi ýa­ly, bu uly bag­tyň öze­nin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz du­ran­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ga­dyr-gym­ma­ty­na, maz­mu­ny­na has aý­dyň dü­şün­mä­ge, on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň iş ýü­zün­de ne­ti­je­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän buý­san­dy­ry­jy ýag­daý, ýur­du­my­zyň Ýer ýü­zün­de be­len­de ga­lan at-ab­ra­ýy­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­mak, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len yla­la­şyk­ly ýa­şa­mak, sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, durmuş-me­de­ni ul­gam­lar­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry hök­mün­de or­ta çyk­dy.
Biz aja­ýyp Wa­tan­da – Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýa­rys, mäh­ri­ban ýur­du­my­za gu­wan­ýa­rys we tüýs ýü­rek­den buý­san­ýa­rys. Çün­ki, bi­zi aja­ýyp Wa­ta­ny­myz­da ýe­ňiş­ler­den-ýe­ňiş­le­re ýe­ti­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz bar. Bu gün­ki gün bi­ziň Ga­raş­syz ýur­du­my­za bo­lan buý­san­jy­myz dil­le­ri­miz­de soň­lan­ma­jak aý­dym bo­lup ýaň­lan­ýar.

Kakajan Berdiýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.