Hytaýyň awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan BYD kompaniýasy benzin we dizel ýangyçly ulag önümçiligini ýatyrandygyny mälim etdi. Kompaniýa diňe elektrik energiýasy bilen işleýän, zarýad berip bolýan we gibrid ulaglaryň önümçiligini (NEV) dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, BYD mart aýynda 104 müň 338 awtoulag öndürip, olaryň 50 müň 674-i zarýad berip bolýan gibrid, 53 müň 664-i dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar bolupdyr. Kompaniýa hiç hili adaty ýangyçly ulag öndürmändir. BYD Hytaýda awtoulag öndürýän iň iri kompaniýasy hasaplanýar.

Şanur Arazow, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby