Golaýda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ýaşlaryň döwrebap bilimli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.
Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, möhüm, jogapkärli wezipeleriň toplumyny, döwlet ýaşlar syýasaty we milli ösüş strategiýalary bilen baglylykda, bu jemgyýetçilik birleşiginiň möhüm ugurlaryny kesgitländigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini tassyklady. Degişli resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge ýardam berer.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. Ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan ýurdumyzdaky bu iri birleşme häzirki wagtda 900 müňden gowrak agzany birleşdirýär.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda ýaşlar babatda alnyp barylýan syýasaty ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde bize her bir işde görelde bolýan hormatly Arkadagymyzyň çuň pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary deňi-taýy bolmadyk gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir. Ol kitaplar watansöýüji nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr, kämillige tarap barýan aýdyň ýollarymyzda bize şamçyragdyr, ýol görkeziji taglymatdyr. Şundan ugur alyp, şu ýerde Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminamalaryň biriniň – Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasydygyny» bellemelidiris. Ol ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşinde, Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orun eýeleýär. Aýratyn nygtamaly zat bolsa, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň üstünlikli geçmegi we onda agzybir halkymyzyň teklibi esasynda hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de dünýäde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyzyň Milli Liderliginiň kanun taýdan berkidilmegi, ähli agzybir halkymyz bilen bir hatarda, ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň buýsançly başlaryny belende göterdi.
Häzirki günde ýokary hünärli ýaşlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekmek bilen, özleriniň hünär başarnyklaryny we gujur-gaýratyny ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegine gönükdirýärler. Bu ugurda ýaşlaryň tutanýerli işlemekleri üçin ýurdumyzda ähli ýeňilliklerdir mümkinçilikler döredilýär.
Aýnabat IŞANGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.