“Brexit” (Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy) baradaky karardan bäş ýyl geçensoň, London täzeden “Erasmus+” maksatnamasyna goşulýar. Ylalaşygyň çäginde 100 müňden gowrak ýaş britaniýalynyň bu taslama gatnaşmagyna garaşylýar. Italiýanyň “Corriere della Sera” gazetiniň ýazmagyna görä, Beýik Britaniýanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin goşandy, takmynan, 570 million funt-sterling bolar.
Mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ara alnyp maslahatlaşylan London bilen Brýusseliň arasyndaky ylalaşyk, Birleşen Patyşalygyň 2027-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap resmi taýdan “Erasmus+” maksatnamasyna dolanmagyny tassyklaýar.
Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigi boýunça ministri Nik Tomas-Saýmonds: “Bu biziň ýaşlarymyz üçin uly ýeňişdir” diýip belledi.
Tutuş Ýewropa boýunça 1,5 milliona golaý ýaşlary öz içine alýan “Erasmus” maksatnamasy 1987-nji ýyldan bäri Ýewropanyň “duýgy geografiýasyny” kemala getirip gelýär: bu maksatnama talyplaryň daşary ýurda geçmegini, serhetleri aşýan dostluklaryny we özlerini haýsydyr bir döwletiň raýaty hökmünde duýmazdan, “ýewropaly” hökmünde duýmaga öwrenen nesilleri kemala getirdi.
2020-nji ýylda Beýik Britaniýanyň maksatnamany bes etmegi ýaşlar üçin kynçylyklary döretdi. Hökümet bu karary maliýe hasaplamalaryna esaslanyp düşündirdi: ýurt öz talyplaryny daşary ýurda ibermekden has köp, Ýewropadan talyplary kabul edýärdi, bu bolsa býujet üçin goşmaça harajat hökmünde kabul edildi. Emma meşhur matematigiň adyny göterýän “Týuring maksatnamasy” (Turing Scheme) onuň ýerini tutmak üçin döredilse-de, bu synanyşyk garaşylan netijäni bermedi.