Britaniýanyň “National Grid” kompaniýasy we “Space Solar” startapy elektrik energiýasyny simsiz geçirmegiň tehnologiýasyny (“Wireless Power Transmission”) synagdan geçirip başladylar. Bu usul adaty elektrik liniýalaryny we ýerasty kabelleri çalşyp ýa-da olaryň ornuny dolduryp biler.
Esasy peýdalary:
Tizlik we tygşytlylyk: täze çeşmeleri tora birikdirmek üçin ýyllar däl-de, aýlar gerek bolar.
Eltip bolmaýan ýerler: Daglyk we çet sebitlere gymmat bahaly gurluşyk işlerini geçirmän tok eltip bolar.
Betbagtçylyklarda kömek: Şemal ýa-da tupan sebäpli simler üzülen ýagdaýynda ätiýaçlyk çeşmesi bolup hyzmat eder.
Ulgam smartfonlaryň simsiz zarýad berilişi ýaly işleýär, ýöne has uly göwrümde. Elektrik energiýasy mikrotolkunly şöhlelenmä öwrülip, birnäçe kilometr uzaklykdaky kabul ediji antenna ugradylýar we ol ýerde täzeden toga öwrülýär.
Häzirlikçe bu usulyň peýdaly täsir koeffisienti pes (40-50%), adaty kabellerde bolsa ýitgi bary-ýogy 2-3%. Şeýle-de, güýçli elektromagnit meýdanlarynyň uçarlara, haýwanlara we ynsan saglygyna ýetirip biljek täsirleri doly öwrenilmeli.
PDF









