ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-niň 27-30-njy aprel aralygynda ABŞ-a döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar berdi.
“Melaniýa Tramp we men Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň we Şa zenanynyň 27-30-njy aprel aralygynda ABŞ-a taryhy döwlet sapary bilen geljekdiklerini yglan etmäge şatdyrys. Bu saparyň dowamynda 28-nji aprel agşamy Ak Tamda dabaraly kabul edişlik geçiriler” diýip, ol belledi.
Prezident Tramp bu saparyň, aýratyn-da, şu ýyl bellenilýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 250 ýyllygy nukdaýnazaryndan taryhy waka boljakdygyny nygtady. Şeýle hem ol Britaniýanyň Patyşasyna bolan hormatyny beýan edip, olar bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
PDF









