Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi ýarymgeçiriji önümçiligini we üpjünçilik zynjyrlaryny güýçlendirmek, beýleki ýurtlar tarapyndan bazar däl söwda amallaryny çäklendirmek we iri global tehnologiýa kompaniýalaryny kadalaşdyrmaga giňişleýin çemeleşmek üçin transatlantik hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
Bu ylalaşyk ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda we tehnologiýa geňeşiniň tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça iki günlük sammitiň çäginde geçirilen ilkinji mejlisinde gazanyldy. Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde bolup geçen sammite Döwlet sekretary Entoni Blinken, söwda sekretary Jina Raýmondo, ABŞ-nyň söwda wekili Katrin Taý we Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji wise-prezidentleri Margret Westager we Waldis Dombrowskis gatnaşdylar.
Bu sammit ABŞ we Ýewropa Bileleşiginiň häkimiýetleri tarapyndan gatnaşyklary dikeltmek we tehnologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen geçirildi. Waşingtonyň we Brýusseliň ýokary wezipeli ýolbaşçylary emeli aň üçin bilelikdäki ülňüleri ösdürmäge, mikroshemalaryň ýetmezçiliginiň üstüni doldurmaga we işiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmaga söz berdiler.
– Ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna diňe açyk we durnukly global söwda gurşawy arkaly ýetip boljakdygyny bilýäris. Dogrusy, munuň üstünde işlemeli we söwdany tehnologiýa bilen utgaşdyrmaly. Biz açyk bolmak isleýäris we sanly söwdany ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Söwda we sanlylaşdyrma Ýewropada we ABŞ-da halka, işçilere we kärhanalara peýda getirmelidir – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Waldis Dombrowskis aýtdy.
– Bu düzgünleri ýakynlaşdyrmak we bileleşen tagallalar hem-de utgaşdyrylan dolandyryş arkaly umumy tehnologiýa bazaryny döretmek üçin hakyky synanyşyk. Bu bolsa, Ýewropa kompaniýalary üçin möhüm ähmiýete eýe. Bizde Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinden daşarda söwda edýän 600 müň kiçi we orta kärhana bar. Amerika olaryň tebigy mekanydyr. Bu iki taraplaýyn prosesdir – diýip, Waldis Dombrowskis aýtdy.