21-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýaşlar meselesi boýunça kömekçisi Felipe Paulýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga BMG-niň Ýaşlar meselesi boýunça edarasynyň maglumat seljeriş işleri boýunça hünärmeni jenap Tomas Malik, BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew we ministrligiň degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bilim ministri duşuşygyň ýaşlar syýasatyny we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp geçdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýaşlar meselesi boýunça kömekçisi jenap Felipe Paulýer öz gezeginde duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, bu onuň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana ilkinji saparydygyny hem-de bu saparyň özünde ýakymly täsirler galdyrandygyny beýan etdi. Hormatly myhman saparynyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde geçirilen netijeli duşuşyk barada bellemek bilen, bu guramanyň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmekde esasy gurallaryň biri bolup çykyş edýändigi barada belledi.
F.Paullier BMG-niň ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek meselelerinde uly hyzmatlarynyň bardygyny bellemek bilen, häzirki döwür üçin netijeli strategiýalary işläp taýýarlamakda ýaşlaryň hut özüni çekmek, şeýle-de ýaşlaryň çözgütleri kabul etmekligi babatynda işjeňligini ýokarlandyrmagyň döwrüň möhüm wezipeleri bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de myhman, bu babatda Türkmenistanda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. Hususanda, bu ugurda 2025-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň çäginde geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygyny ýatlamak bilen, Türkmenistanyň ýaşlaryň çözgütleri kabul etmegi, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagy boýunça tagallalarynyň we şol sanda türkmen ýaşlarynyň uly täsir galdyrandygyny belläp geçdi. Şeýle-de duşuşygyň barşynda myhman BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň hyzmatdaşlyk babatynda hemişe taýýardygyny hem-de wekilçilik edýän halkara Guramasynyň Türkmenistanyň üstünlikli ýaşlar syýasatyny halkara giňişliginde ýaýbaňlandyrmak boýunça netijeli platforma bolup hyzmat edip biljekdigini beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda ýaşlar – jemgyýetiň ösüşiniň, özgertmeleriň, durnuklylygyň we täzeçil pikirleriň esasy çeşmesi bolup durýandygy bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny hem-de onuň kanunçylyk binýadyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi we bu babatda milli derejede möhüm resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilýändigini, şeýle-de halkara derejesinde birnäçe başlangyçlaryň öňe sürülýändigi beýan edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.