5-6-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrliginiň guramagynda bu ýurduň Nöküs şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pedagoglarynyň halkara forumy geçirildi. Foruma sebitiň döwletleriniň bilim edaralaryndan, halkara guramalardan hem-de dünýäniň birnäçe abraýly bilim merkezlerinden wekiller gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda Özbegistan Respublikasynyň Mekdebe çenli we orta bilim ministrniň, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministriniň, Türkmenistanyň Bilim ministrniň orunbasarynyň, BMG-niň, Bütindünýä Bankynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, Britan Geňeşiniň, “Cambridge University Press & Assessment”, “Marshall Cavendish Education” we MIT ýaly halkara guramalarynyň we edaralaryň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda sebit ýurtlarynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman bilim usullaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň dowamynda, wekiliýetiň düzümindäki pedagoglar halkara gatnaşyjylar bilen bilelikde duşuşyklara, taslamalaryň tanyşdyrylyşyna hem-de medeni maksatnamalara gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmagy, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we täze başlangyçlaryň ornaşdyrylmagyna hyzmat eder.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.