Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­klary üçin ýo­ka­ry şert­le­ri dö­ret­mek, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­i­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da taý­syz ta­gal­la ed­ýär. Bu ugur­da­ bi­lim ul­ga­my­na okat­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry giň­den or­naş­dy­ryl­ýar, san­ly bi­lim yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Mu­nuň özi ýaş­la­ra bi­lim­le­ri düýp­li öz­leş­dir­mä­ge we kä­mil­li­ge ýet­mä­ge iter­gi ber­ýär.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen şan­ly ýyl­da okuw­çy-ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň hal­ka­ra bäs­le­şik­le­r­de me­da­lla­ryň je­mi 1 müň 549-sy­ny ga­zan­ma­gy ýur­du­myz­da bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ryň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 7-nji few­ral­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gy üçin ýo­ka­ry şert­le­ri dö­ret­mek, ýaş nes­liň ukyp­-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak üçin bi­lim eda­ra­la­ry­nyň iş­i­ni kä­mil­leş­dir­mek, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny, mak­sat­na­ma­la­ry­ny, okuw ki­tap­la­ry­ny hal­ka­ra tej­ri­be­si­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­giň, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de mu­gal­lym­la­ryň hü­nä­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­me­giň, bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­ri yzy­gi­der­li alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy ba­ra­da bel­le­di.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mak­sat­na­ma­lar öňe sü­rül­ýär. Wa­tan­sö­ýü­ji, ha­lal, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil bil­ýän hü­när­men­ler bu gün ýur­du­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da bi­lim de­re­je­si ýo­ka­ry hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň kä­mil ul­ga­my­ny dö­ret­mek bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­si­dir. Ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul edil­ýän ta­lyp­la­ryň sa­ny­nyň art­dy­ryl­ma­gy, has ze­rur ugur­lar bo­ýun­ça ýaş­la­ry taý­ýar­la­mak üçin tä­ze bö­lüm­le­riň açyl­ma­gy bu ugur­da­ky anyk ädim­ler­dir.
Eziz Di­ýa­ry­myz­da on iki ýyl­lyk umu­my or­ta bi­li­me geç­me­giň, san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni, te­bi­gy we ta­kyk ylym­la­ry okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy hem-de Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär. Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka yk­lym­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga, ola­ryň bi­lim müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýaş ne­sil­le­ri ylym, teh­no­lo­gi­ýa, in­že­ner­çi­lik, sun­gat we ma­te­ma­ti­ka ders­le­ri­ni öw­ren­mä­ge hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, se­bit­de ýe­ke-täk «akyl­ly» şä­her – Ar­ka­dag şä­he­ri­niň 1-nji ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw-ter­bi­ýe­çi­lik top­lu­myn­da Ro­bo­to­teh­ni­ka bi­lim mer­ke­zi he­re­ket ed­ýär. Bu mer­ke­ziň açyl­ma­gy türk­men ýaş­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny çuň­ňur öz­leş­dir­mek­le­ri­ne, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň hü­när­men­ler bi­len üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.
Ylym-bi­li­mi ös­dür­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­le­re ba­dal­ga ber­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun.

Gül­şi­rin ÇA­RY­GU­LY­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.