Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş­la­ryň bi­lim öw­ren­mek­le­ri, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni düýp­gö­ter go­wu­lan­dyr­mak ýa­ly wa­jyp iş­ler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da uly ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp­la­ry hal­ka­ra ders olim­pia­da­la­ry­na, bäs­le­şik­le­re yzy­gi­der­li gat­na­şyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz hem şeý­le bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Ola­ra ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den okuw­çy­lar­dyr ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gy ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ýa­kyn­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň dil we beý­le­ki ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da iň­lis di­li der­si bo­ýun­ça IV hal­ka­ra in­ter­net olim­pia­da­sy ge­çi­ril­di. In­ter­net olim­pia­da­sy­na 43 döw­le­tiň 250-ä go­laý ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 2 müňe go­laý ta­lyp gat­naş­dy.
14-nji ap­rel­de bol­sa Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de V Açyk hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­na (OMOUS – 2025) ba­dal­ga be­ril­di. Da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da bu hal­ka­ra olim­pia­da ýur­du­myz­da in­di üçün­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Oňa gat­naş­mak üçin 8 döw­let­den, has ta­ky­gy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Pol­şa­dan, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­dan, In­do­ne­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Ru­my­ni­ýa­dan we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça oka­ýan ta­lyp­lar paý­tag­ty­my­za gel­di­ler. 18-nji ap­rel­de öz işi­ni ta­mam­la­jak hal­ka­ra olim­pia­da ýo­kar­da ag­za­lan döw­let­leriň je­mi 31 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­den 137 ta­lyp gat­naş­ýar. Şeýle-de Türk­me­nis­ta­nyň ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan 400-den gowrak talyp gat­naş­ýar.
Bu olim­pia­da­lar ýaş ne­sil­le­riň ylym­ly-bi­lim­li bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri, dün­ýä de­re­je­sin­de ze­hin-ba­şar­nyk­la­ry­ny açyp gör­kez­mek­le­ri ug­run­da dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler­dir. Türk­men ýaş­la­ry­nyň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ýo­ka­ry ah­lak­ly, kä­mil ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da ta­gal­la ed­ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýü­rek­den al­kyş aýd­ýa­rys.

Ak­my­rat ÝAZ­MY­RA­DOW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.