Hünär merkezleriniň ýüzlerçesini döretmek we garyp etraplaryň diwarlaryna bilim berýän suratlary çekmek bilen tanalýan hindi mugallymy Rubl Nagi 1 million dollar möçberindäki “Global Teacher Prize” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada “ClickOrlando” neşiri ýazýar.
Rubl Nagi bu baýragy Dubaýda (BAE) geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde aldy.
Onuň “Roubl Nagi Art Foundation” (RNAF) atly çeperçilik gaznasy tutuş Hindistanda 800-den gowrak okuw merkezini esaslandyrdy. Bu merkezleriň maksady hiç wagt mekdebe gitmedik çagalara ulgamlaýyn bilim almaga mümkinçilik bermekdir. Mundan başga-da, Nagi sowatlylygy, tebigy ylymlary, matematikany, taryhy we beýleki dersleri öwredýän diwar suratlaryny döredýär.
“Hindustan Times” neşiriniň belleýşi ýaly, Naginiň başlangyçlary sungaty bilime elýeterliligi üpjün etmek üçin gural hökmünde ulanýar.
Rubl Nagi öz işine 24 ýyl mundan ozal kiçijik ussahanada 30 okuwçy bilen başlapdy, häzir bolsa okuw prosesi bir milliondan gowrak çagany öz içine alýar. “Çagalyk arzuwym her bir çaganyň mekdepde okamagydy. Ulalanymda bolsa şol arzuwymy durmuşa geçirip, köp sanly çaga ýardam etmek örän täsirli duýgy”diýip, Rubl Nagi aýtdy.
“Global Teacher Prize” saýtyndaky beýanatda şeýle diýilýär: “Rubl Nagi mugallymçylygyň iň gowy häsiýetlerini: batyrlygy, döredijiligi, rehimliligi we her bir çaganyň ukybyna bolan sarsmaz ynamy özünde jemleýär”.
Nagi 1 million dollary mugt hünär öwredýän institutyň gurluşygyna ulanmagy meýilleşdirýär.
PDF









