Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyna aýratyn üns bermek bilen, döwrebaplaşdyrmak we innowasion ösüş şertlerinde hünär bilimi edaralarynyň işiniň hil derejesiniň ýurdumyz üçin möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Milli Liderimiziň başyny başlan özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz milli bilim ulgamynyň ilkinji nobatdaky wezipelerini anyklaşdyrmak, ony umumymilli ösüşiň wajyp ugry hökmünde kesgitlemek bilen, bu ulgamy halkara derejä çykarmagy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň özeni hökmünde görkezýär.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly – 25-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlaryň kabul edilmelidigini, giriş synaglarynyň guramaçylykly we adalatly geçirilmelidigini, jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýola goýulmalydygyny nygtady. Bu möhüm möwsümi talabalaýyk derejede guramak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli Buýruga gol çekdi. Döwlet toparyna şu ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Ýurdumyzyň saýlap alan innowasion ösüş nusgasy ähli ulgamlaryň hem-de pudaklaryň hünärmenlerinden ýokary hünär ussatlygyny, ylmy mümkinçilikleriň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär. Munuň özi döwrebap aň-düşünjeli nesli kemala getirmekden, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn bilimli, döredijilikli pikirlenýän, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, tutuş ýurdumyz boýunça mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurulmagy, okuw işiniň kompýuter ulgamlarynyň esasynda alnyp barylmagy bu ugurda anyk ädimlerdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 27-nji iýunynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň kararyny makullap, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda Permana, täze döredilýän uniwersitetiň ýolbaşçylaryny bellemek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi.
Şu ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň ulanmaga berilmegi
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygyndaky giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmeginde hem öz beýanyny tapýar. Täze hünärleriň girizilmegi munuň anyk mysallarynyň biridir. Bu bolsa dalaşgärleriň geljekde zähmet çekjek hünärlerini saýlap almagy, zähmet bazarynyň zerurlyklaryna laýyklykda bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ulgamda netijeli, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu babatda ýurdumyzyň yzygiderli ilerledýän ylym-bilim diplomatiýasynyň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtlardan mugallymlary we hünärmenleri çagyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bu ýokary okuw mekdebiniň sanlyja ýyldan döwletimiziň işewürlik gurşawy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişdirilýän esasy merkezine öwrülmegini şertlendirer. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly okatmak usuly işjeň ösdürilýär. Olaryň web saýtlarynda ýokary okuw mekdepleri, şol sanda olaryň düzümi, bilim maksatnamalary, sanly platformalary, fakultetler, hünärler barada, şeýle hem dalaşgärler üçin maglumatlar ýerleşdirilýär.
Ýurdumyzda daşary döwletleriň iri bilim we ylym merkezleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy. Bu düzümler bilen bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, talyplardyr mugallymlary alyşmak hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäginde guralýan duşuşyklaryň, Hökümet we pudagara derejedäki gepleşikleriň hem gün tertibindäki hemişelik ugurlardyr. Gazanylan ylalaşyklar bolsa degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegi bilen berkidilýär. Ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, hormatly
Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Bularyň ählisi döwletimiziň intellektual mümkinçilikleriniň, adam maýasynyň, işgärler kuwwatynyň artmagyna, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilendir.
Bilim-ylym ulgamyna sanly, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Mugallymlaryň hünär derejesi ýokarlandyrylyp, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak bilen, daşary döwletlerde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy hem-de halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky akademiki alyşmalara gatnaşmagyny giňeltdi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary yzygiderli kämilleşdirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türkmen mekdep okuwçylary we talyplary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň şeýledigine şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň okuwçylarynyň hem-de talyplarynyň halkara ders, internet olimpiadalaryndan 748 medala mynasyp bolmaklary hem şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň arasynda giň gerimli maglumat beriş, tanyşdyryş işi bilen utgaşan dalaşgärleri okuwa kabul etmek möwsümi hem ýaş oglan-gyzlaryň täze bilimleri öwrenmäge, netijede, Watanymyzyň intellektual, ykdysady kuwwatyna öz goşantlaryny goşmaga höweslidigini tassyklaýan ýokary işjeňlige eýe boldy.
Ýurdumyzda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagynda birnäçe orta hünär okuw mekdepleri hereket edýär. Munuň özi halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyny ýokary hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýär. Ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň häzirki döwrüne maksada okgunly, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek, döwrebap enjamlardan ussatlarça baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim ulgamyny okgunly ösdürmek mahsusdyr. Ýurdumyzda şu ýyl ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze hünärleriň açylmagy, hünär bilimi ugurlarynyň giňeldilmegi bu babatda täze anyk ädimler bolar.
Maksat Berdiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.