Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesindäki gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwür bilen deň gadam urýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyzyň türkmen, rus we iňlis dillerini suwara bilmekleri barada bildirýän talaby hem hut şol beýik maksatlardan gözbaş alýar. Dil öwrenmek ynsana paýhas eçilýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan habarly bolmak, daşary ýurt dillerini bilmek ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň çalt depginler bilen ösýän zamanasynda dil öwrenmek meselesi has-da ýeňilleşýär. Daşary ýurt dillerini özbaşdak öwrenmäge hem giň mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyz XXI asyry aňyýet asyry, tehnologik asyr diýip häsiýetlendirýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, oý-pikirini öz ene dilinde sözleýiş medeniýetiniň talaplaryna laýyklykda anyk, düşnükli we täsirli beýan etmegi başarýan hünärmenleri kemala getirmek hem-de sözleýiş medeniýetini ösdürmek döwrümiziň derwaýys meselesine öwrüldi. Edebi dilimiziň ýazuw görnüşi okyjylar köpçüligine niýetlenen sözleýişdir. Häzirki türkmen edebi diliniň ýazuw görnüşi halkymyzyň ösen medeni isleglerini doly kanagatlandyrýar. Onda habar bermek maksatly publisistik makalalar, öwretmek maksatly okuw kitaplary, gollanmalar, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, döwleti edara etmek üçin möhüm iş kagyzlary, resminamalar ýazylýar.
Ene dilimiz ata-babalarymyzyň durmuş tejribesidir, pähim-paýhasy saklanýan hazynadyr, biziň üçin ruhy iýmitdir, nesilleri baglanyşdyrýan köprüdir, aňyýeti ösdürmegiň, ylym-bilim öwretmegiň, edep-terbiýe bermegiň, maşgalada agzybirlik, sazlaşyk döretmegiň möhüm serişdesidir. Edebi dilimiz söz baýlygy, grammatik gurluşynyň kämilligi babatda dünýä dilleriniň hiç birinden kem däl. Indi edebi dilimiziň gepleşik görnüşi-de, ýazuw görnüşi-de halkymyzyň ösen medeni isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilim-başarnyklaryny köptaraplaýyn kämilleşdirmäge milli gymmatlyklarymyzyň, dünýä tejribesiniň, iň netijeli usulyýetleriň esasynda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işgärleri türkmen dili sapaklarynyň okadylyşyny ilerletmekde, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde we ene dilini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň, internet ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn belleýärler.
Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Annagül REJEPOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän 8-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.