Milli bilim ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda ýöredilýän esasy ugurlaryň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyzyň, aýratyn-da ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň durmuşynda uly özgerişlikleri girizjek täze açyşlara badalga berdi. Şoňa görä-de, häzirki bilimiň özgerýän zamanasynda biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine goşant goşjak ýaş hünärmenler, ýaş alymlar ýetişdirilýär. Ylym-bilim bir düýpsüz umman mysalydyr. Şol ummanda batyrgaýlyk hem erjellik bilen gulaçlap, adamzada ýagty ýol görkezýän we oňa gowy ýaşaýşy bagyş edýän ylym-bilim hazynasyndan ýetdik paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlaryny göreniňde guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Olaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, Döwlet we halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir.
Hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiz bolan ýaşlar barada şeýle belleýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň bilimleri, ukyp-başarnyklary, belent maksatlary durmuşa geçirmekde berk binýatdyr. Şeýle belent ynamy ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyklykda ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.
Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýaşlara döwrebap bilim berip, ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilimi ösdürmek, hilini ýokarlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň zerurlyklaryna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ukyply we zehinli çagalary ýüze çykarmaga we olary goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilendir.
Ýakynda Içerki telekeçiligi has-da ösdürmek we hususy pudagyň işgärler düzümini berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek barada» Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlangyjy bilen döredilen täze uniwersitet, hususy pudagyň mundan beýläk-de ösmegine, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna we içerki bazaryň içerki önümler bilen üpjün edilmegine goşant goşjak ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlar.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigini bellemek ýerliklidir. Häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň kämil kompýuterler, multimediýa tagtalar, lingafon otaglar bar. Bilim bermek işine ylmyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine döredilýän mümkinçilikdir.
Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli işlere has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Mahym Nurmuhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.