Dünýä belli işewür, “Microsoft” korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky kynçylyklary çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. “Forbes” neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 milliard dollara deň diýip hasaplaýar. Ol dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 13-nji orny eýeleýär.
-Men geljek 20 ýylda öz ähli baýlygymy paýlamakçy. Bu serişdeleriň uly bölegi bolsa, Afrikadaky kynçylyklary çözmäge gönükdiriler – diýip, Geýts Afrika birleşiginde eden çykyşynda aýtdy.
Bill Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň beýanatyna görä, onuň býujeti geljek 20 ýylda 200 milliard dollara deň bolar. Bu döwürden soň gurama öz işini tamamlar. Geýtsiň gaznasy Afrikada eýýäm uzak ýyllardan bäri işleýär. Onuň Efiopiýada, GAR-da, Keniýada, Nigeriýada we Senegalda wekilhanalary bar.
Bill Geýts Afrika ýurtlarynyň, bilim we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürse, uly ösüşleri gazanyp biljekdigini belledi. Ol ilkinji lukmançylyk kömeginiň hem-de zenanlaryň we çagalaryň durmuş şertlerini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.