Käbir ýurtlarda oba hojalyk galyndylary, agaç bölekleri we azyk galyndylary ýaly önümçilikden artan zatlar nädip elektrik energiýasyna öwürmekde uly tejribe gazandylar. Daşky gurşaw üçin zyýansyz hasaplanýan biomassa önümçiliginde klimatyň özgermeginiň hem öňüni alýar. Elektrik beketleri häzirki wagtda ösen maşynlary we ylmy usullary ulanyp, organiki maddalary ýangyja, ýylylyga we elektrik energiýasyna öwürýär. Köp ýurt oňa uly maýa goýýarlar. Käbir ýurtlarda senagatda, ulag ulgamlarynda we hatda öý hojalyklarynda nahar bişirmek üçin biomassadan peýdalanylýar. Beýlekiler bolsa ony kömür we nebite garaşlylygy azaltmak bilen birlikde energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin ulanýarlar. Iň gyzykly tarapy, her bir millet biomassa energiýasyny deň möçberde öndürip bilmeýär. Şonuň üçin hem birnäçe ýurt global reýtingde öňde barýar. Biomassa energiýasy ösümliklerden we haýwanlardan, organiki materiallardan alynýan energiýadyr. Bu materiallar fotosintez prosesi arkaly Gün şöhlesinden alýan energiýany saklaýar. Biomassa ýakylanda ýa-da ýangyja öwrülende, saklanan energiýa bölünip çykýar we energiýa üçin ulanylýar. Biomassanyň umumy çeşmelerine agaç, oba hojalyk galyndylary, azyk galyndylary, şekerçiňrik we mekgejöwen ýaly “energiýa” ekinleri girýär. Şekerçiňrik we mekgejöwen ýörite energiýa almak maksady bilen däl-de, şeker beýleki azyk önümlerini almak üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Emma onuň galyndysynda arassa ýangyç alynýar. Biomassa energiýasy köpugurly bolup, dürli görnüşlerde ulanylyp bilner. Ol, adatça öýleri ýylatmak, elektrik energiýasyny öndürmek, etanol we biodizel ýaly ulag ýangyçlaryna garmak üçin ulanylýar. Köp oba hojalyk sebitlerinde biomassa gündelik energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm rol oýnaýar. Häzirki zaman tehnologiýalary biomassanyň netijeliligini hem ýokarlandyrdy we ony dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa strategiýalarynyň gymmatly bölegine öwürdi. Birleşen Ştatlar biomassa energiýasyny öndürmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Bu ýurt awtoulaglar üçin benzin bilen giňden garyşdyrylýan mekgejöwenden köp mukdarda etanol öndürýär. Mundan başga-da, agaç galyndylary we organiki öý-hojalyk galyndylary birnäçe ştatda elektrik we ýylylyk energiýasynyň öndürilmegine goşant goşýar. Braziliýa şekerçiňrigine esaslanýan güýçli bioetanol senagaty bilen ikinji orny eýeleýär. Şekerçiňriginiň galyndysy ýangyç we elektrik energiýasyny öndürmek üçin örän netijelidir. Etanol Braziliýada awtoulaglarda giňden ulanylýar, bu bolsa biomassany ýurduň ulag energiýa ulgamynyň möhüm bölegine öwürýär. Indoneziýa dünýäde öňdebaryjy biodizel öndürijileriniň biri bolup, bu ýerde, esasan, palma ýagy çig mal hökmünde ulanylýar. Biomassa energiýasy ýurduň elektrik energiýasyny öndürmek we ulag zerurlyklaryny goldamak bilen birlikde, import edilýän ýerasty energiýa çeşmelere garaşlylygy azaltmaga kömek edýär.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.