Hepdäniň ýekşenbe güni, ýagny 15-nji iýunda ilkinji gezek 32 toparyň gatnaşmagynda geçiriljek FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşyna badalga berler. Bir aýlap dowam etjek çempionat ABŞ-da geçiriler. Duşuşyklar 11 şäherdäki 12 stadionda oýnalar. Çempionata Ýewropadan 12, Günorta Amerikadan 6, Afrikadyr Aziýadan, şol sanda Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Kariblerden 4, Okeaniýadan 1 hem-de ýer eýesi hökmünde 1 klub gatnaşar.
Toparçalaryň çäginde hem-de utulan-çykdy tapgyrynda günde 2-3-4 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň aglabasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da, 00:00-da, 03:00-da, 06:00-da, käbir duşuşyklar bolsa 23:00-da, 01:00-da, 05:00-da, 07:00-da başlanar.
Çempionatyň açylyş oýny “Inter Maýami” bilen “Al-Ahli” toparlarynyň arasynda bolup, ol 15-nji iýunda ýekşenbe güni daňdan 05:00-da başlar. Duşuşyga Maýami Gardens şäherindäki “Hard Rock” stadionynda oýnalar.
Çempionatyň çäginde jemi 63 duşuşyk oýnalar.
Ýaryşyň faworiti hökmünde ýewropaly klublar öňe saýlanyp, PSŽ-niň ady birinji agzalýar. “Mançester Siti”, “Real Madrid”, “Bawariýa” beýleki esasy dalaşgärler hasaplanýar. Çempionatda çykyş etjek klublaryň düzümindäki oýunçylaryň 141-is braziliýaly bolup, olar öňdeligi eýeleýärler. Ýeri gelende, Braziliýadan 4 klubuň gatnaşýandygyny belläliň. Argentinaly futbolçylaryň 103-si toparlaryň düzümine alyndy. Ispaniýaly futbolçylaryň 54-si, portugallaryň 49-sy, meksikanlaryň 41-si, ýer eýeleri amerikanlaryň 40-sy çempionatda çykyş ederler.
Duşuşyklarda 25 ýurtdan 38 baş emin çürlewük çalar.
GATNAŞÝAN KLUBLAR
UEFA (12): Çelsi, Mançester Siti (ikisem – Angliýa), Real Madrid, Atletiko Madrid (Ispaniýa), Bawariýa, Borussiýa Dortmund (ikisem – Germaniýa), Inter, Ýuwentus (ikisem – Italiýa), Porto, Benfika (ikisem – Portugaliýa), PSŽ (Fransiýa)
KONMEBOL (6): Palmeiras, Flamengo, Fluminense, Botafoga (hemmesi – Braziliýa), Riwer Pleýt, Boka Huniors (ikisem – Argentina)
KONKAKAF (4): Monterreý, Paçuka (ikisem – Meksika), Seatl Saunders, Los Anjeles FK (ikisem – ABŞ)
AFK (4): Al Hilal (Saud Arabystany), Urawa Red Daýmonds (Ýaponiýa), Al Ain (BAE), Ulsan HD (Günorta Koreýa)
KAF (4): Al-Ahli (Müsür), Widad (Marokko), Esperans de Tunis (Tunis), Mamelodi Sandawns (Günorta Afrika)
OKEANIÝA (1): Oklend Siti (Täze Zelandiýa)
ÝER EÝESI (1): Inter Maýami (ABŞ)
TOPARÇALAR
“A”: Palmeiras, Porto, Al-Ahli, Inter Maýami
“B”: PSŽ, Atletiko Madrid, Botafoga, Seatl Saunders
“C”: Bawariýa, Oklend Siti, Boka Huniors, Benfika
“D”: Flamengo, ES Tunis, Çelsi, Los Anjeles FK
“E”: Riwer Pleýt, Urawa Red Daýmonds, Monterreý, Inter
“F”: Fluminense, Borussiýa Dortmund, Ulsan HD, Mamelodi Sandawns
“G”: Mançester Siti, Widad, Al Ain, Ýuwentus
“H”: Real Madrid, Al Hilal, Paçuka, RB Salsburg
DUŞUŞYKLARYŇ GEÇIRILJEK STADIONLARY
“Rose Bowl” (Pasadena) – 88 500 orunlyk
“MetLife Stadium” (Ist Ruterford) – 82 500
“Bank of America Stadium” (Şarlott) – 75 000
“Mercedes-Benz Stadium” (Atlanta) – 75 000
“Lincoln Financial Field” (Filadelfiýa) – 69 000
“Lumen Field” (Seatl) – 69 000
“Hard Rock Stadium” (Maýami Gardens) – 65 000
“Camping World Stadium” (Orlando) – 65 000
“Inter&Co Stadium” (Orlando) – 25 000
“Geodis Park” (Neşwill) – 30 000
“TQL Stadium” (Sinsinnati) – 26 000
“Audi Field” (Waşington) – 20 000
1 milliard dollarlyk pul baýragy paýlanar
FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň umumy baýrak gaznasy 1 milliard dollar möçberinde bolup, onuň 525 milliony toparlara gatnaşany üçin paýlanar. Galan 475 milliony bolsa klublaryň görkezjek başarnygyna görä berler. 32 klubuň hersine ýaryşa gatnaşýandygy üçin 35 million, toparçadaky ähli duşuşykda ýeňiş gazanan toparlara goşmaça ýene-de 6 million, 1/8 finala çykanlara 7, çärýek finalçylara 12, ýarym finalçylara 20 million dollar pul baýragy gowşurylar. Finala çykan toparlardan ýeňiş gazanany 37 million dollar pul baýragyny alsa, finalda utulan topar 28 million bilen oňňut etmeli bolar. Umumylykda, çempionlyk gazanan toparyň 145 million dollary möçberinde pul baýragyny gazanmak mümkinçiligi bar.