Soňky ýyllarda Hytaýyň awiakompaniýalary «Airbus» kompaniýasyndan has köp uçar sargyt edýärler. Bir hepdäniň dowamynda hytaý awiakompaniýalary Ýewropanyň uçar öndürijisi bilen jemi bahasy 22 milliard ýewro golaý şertnama gol çekdiler. Iň köp uçary «Air China» kompaniýasy sargyt etdi. Umumy bahasy 9,5 milliard ýewro barabar bolan şertnama görä, «Air China» 60 sany «A320neo» uçaryny alar. Täze uçarlar 2028-2032-nji ýyllar aralygynda taýýar ediler. «A320neo» uçarlary ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. «Spring Airlines» kompaniýasy 30, «China Aircraft Leasing» 30, «Juneyao Airlines» 25, «China Express Airlines» 3 sany uçar sargyt etdi.
«Airbus» kompaniýasy 2008-nji ýylda Hytaýyň Týanszin şäherinde ilkinji bilelikdäki önümçilik desgasyny açypdy. Bu desga «Airbus»-yň Ýewropanyň daşyndaki ilkinji zawodydy. Geçen ýyl bu şäherde uçar ýygnaýan ikinji önümçilik desgasy işe girizilipdi.
Pürli Pürliýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









