ABŞ-ly Suni Williams iň köp “kosmos ýörişine” çykan zenan astronawt hökmünde rekord goýdy. Williams geçen ýylyň 5-nji iýunynda Barri Wilmor bilen bir hepdeligine kosmosa gidipdi. Emma olary yzyna alyp gaýtmaly kosmos gämisinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli olar Halkara kosmos bekedinde galmaly bolupdylar.
Dürli sebäplere görä astronawtlar kosmos bekediniň daşyna çykmaly bolýarlar. Muňa “kosmos ýörişi” diýilýär. Golaýda Williams kärdeşi Barri Wilmor bilen bilelikde “Quest” atly enjamdan analiz etmek üçin nusgalary almak we beýleki tehniki işleri ýerine ýetirmek üçin bekediň daşyna çykdylar. Astronawtlaryň bu çylşyrymly işi 5 sagat 26 minut dowam etdi. Şeýlelikde Williamsyň açyk kosmosda geçiren wagty 62 sagat 6 minuta ýetdi. Netijede, ol mundan ozal Peggi Witsona degişli bolan rekordy täzeledi.
Sunita Williams we Barri Wilmor 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Boeing” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Starliner” kosmos gämisi arkaly bir hepdelik synag uçuşy üçin Halkara kosmos bekedine gidipdiler. Şol uçuşda “Boeing”-iň işläp taýýarlan kosmos bekedi ilkinji gezek ulanylypdy. Emma “Starliner”-da ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli, ol yzyna boş gaýtmaly boldy. Şeýlelik iki astronawt ol ýerde galmaly boldular. Olaryň martyň ahyrynda ýa-da apreliň başynda yzyna getirilmegine garaşylýar. Adatça kosmos bekedine gidýän astronawtlar alty aý bolýarlar. Williams bilen Wilmoryň kosmosda geçirjek wagty 10 aý töweregi bolar.