Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkiniň şäher häkimliginiň wekilleri soňky bir ýylda şäherde ýol-ulag hadysalary sebäpli ýekeje-de heläkçiligiň hasaba alynmandygyny habar berdiler. Şäher häkimliginiň ulag bölüminiň inženeri Roni Utriaýneniň aýtmagyna görä, täze üstünlige köp ýagdaýlar sebäp bolup, şolaryň iň esasysy hem tizligiň çäklendirilmegidir.

Soňky ýyllarda Helsinkide köçeleriň dizaýnynyň üýtgedilmegi hem muňa çynlakaý täsir etdi. Mundan başga-da, iň ýokary tizligiň çäkleri sagatda 30 kilometre çenli peseldildi, şäherde tizlige gözegçilik edýän köp sanly kameralary oturdyldy we polisiýa gözegçiligi hem güýçlendirildi.

Bu çäreleriň hemmesi şäheriň landşaftlaryny has çylşyrymlaşdyryp, sürüjileri has seresaply sürmäge mejbur etdi. Şeýle hem şäherde pyýadalar we welosiped sürýänler üçin infrastruktura täzelendi we sürüjisiz awtobuslar bilen birlikde jemgyýetçilik ulaglaryň sany has-da artdyryldy.