Portugaliýanyň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiriji Luiş Montenegrunyň ýolbaşçylygyndaky sagçy we merkezi partiýalaryň bileleşigi bolan Demokratik bileleşik 18-nji maýda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Ses berişligiň netijelerine görä, “Demokratik bileleşik” koalisiýasy sesleriň 33 göterimine eýe boldy we parlamentdäki orunlarynyň sanyny azyndan 89-a ýetirdi. Şeýle-de bolsa, koalisiýa köplük alyp bilmedi, munuň bolsa, Premýer-ministriň azlyklaryň hökümetine ýolbaşçylyk etjekdigini aňladýar. Demokratik bileleşiginiň lideri Montenegru partiýalaryň ählisi bilen syýasy şertnamalara açykdygyny aýtdy.
“Biziň hemmämiz biri-birimiz bilen gürleşip, milli bähbitlerimizi birinji orunda goýmagy başarmaly” diýip, ol saýlawlardan soň, tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda ýatdy. Aşa sagçy “Chega” (“Ýeterlik”) partiýasy parlamentde azyndan 58 orny aldy. Sosialistler bary-ýogy 58 orny eýelediler, bu bolsa, 1987-nji ýyldan bäri iň pes netijedir. Sosialistleriň lideri Pedro Nuno Santos özüniň işinden çekiljekdigini habar berdi. Häzirki saýlawlaryň geçirilmegine, parlamentiň Sosial-demokratik partiýasynyň lideri Montenegrunyň hökümetine garşy kabul eden ynamsyzlyk sesi sebäp bolupdy.
10 milliondan gowrak ilatly Portugaliýa Respublikasy, Pireneý ýarym adasynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän kontinental Ýewropanyň iň günbatar döwletidir. Demirgazykda we gündogarda Ispaniýa bilen serhetleşýär, günorta we günbatar kenarlary Atlantik ummany bilen ýuwulýar. Portugaliýa dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri bolup, 1910-njy ýyldan bäri unitar döwletdir. Ýurt 1986-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Ýewropa Bileleşigiň agzasy bolup, Şengen we ýewro sebitine girýär.