- Biz, döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de ýokary derejeli wekiller, hökümet hem-de hökümete dahylsyz guramalaryň, hususy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň, ylmy toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösmegi babatda gün tertibini ilerletmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada (Türkmenistan) «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» mowzugy astynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda jemlendik.
- Biz Baş Assambleýa tarapyndan 2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda kabul edilen, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda üstaşyr gatnawlar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze ählumumy çäklerde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmak” atly Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň çäklerinde hem-de 2014 — 2024-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň üstünliklerine esaslanýan, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen tagallalaryna ýardam bermek üçin täzelenen we çarçuwaly esasyň hereketlerine gönükdirilmegini üpjün edýän, 2024 — 2034-nji onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny goldaýarys.
- Ählumumy şertler we umumy borçnamalar
- Biz ählumumy wehimler, şol sanda geosyýasy dartgynlylyk, gapma-garşylyklar, azyk we energetika çökgünligi, ýokary ulag, söwda harajatlary, puluň hümmetsizlenmegi, bergileriň ýokary derejesi, howanyň üýtgemegi, betbagtçylyk, bioköpdürlüligiň ýitirilmegi, çölleşmek, buzluklaryň eremegi we daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly wehimler bilen bellenen örän wajyp pursatda ýygnandyk.
- Biz çäk babatda deňze göni çykalgasynyň ýoklugy, ulag we aragatnaşyk üçin bökdençlikleriň bardygy, esasy bazarlardan uzakdadygy, üstaşyr amallaryň çylşyrymlydygy, howpsuz, gymmatly bolmadyk hem-de elýeterli infrastrukturanyň ýokdugy sebäpli, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryny we wehimleriniň bardygyny nygtaýarys hem-de olaryň düzümleýin özgertmelerine, senagatlaşdyrylmagyna, ykdysady taýdan diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebit we ählumumy ykdysadyýete doly integrirlenmegine ýardam bermek üçin halkara raýdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny ykrar edýäris.
- Biz Baş Assambleýanyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini ýatladýarys hem-de parahatçylyk bolmasa, durnukly ösüşiň, durnukly ösüş bolmasa, parahatçylygyň bolup bilmejekdigini ykrar edýäris. Bularyň ählisi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere hem degişlidir.
- Biz Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň belli bir ulgamlarynda oňyn netijeleriň bardygyna garamazdan, ösüşiň ýeterlik derejede däldigini ykrar edýäris we maliýeleşdirmegiň, hususan-da, infrastrukturany maliýeleşdirmegiň aýratyn ýetmezçiliginiň, maglumatlaryň ýeterlik däldigini, tehniki mümkinçilikler bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň Hereketleriň Wena maksatnamasynda goýlan maksatlara ýetmegiň we wezipeleri çözmegiň ýolunda ösüşi bökdändigini ynjalyksyzlanyp belleýäris.
- Biz, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan wehimlerini nazara almak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we onuň durnukly ösüş babatdaky maksatlaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Pariž ylalaşygyny, 2015 — 2030-njy ýyllar üçin betbagtçylyk howpuny peseltmek boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny, Şäherleri ösdürmegiň täze maksatnamasyny we Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýany, Bioköpdürlülik ulgamynda Kunmin-Monreal ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny doly we öz wagtynda amala aşyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
- Biz ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatyň jemleýji resminamasyny, Sewiliýa borçnamasyny goldaýarys. Sewiliýa borçnamasynyň çäklerinde Hereketleriň Addis-Abeba maksatnamasyna daýanmak bilen, maliýeleşdirmegiň ählumumy ulgamy täzelenýär we ony öz wagtynda hem-de netijeli durmuşa geçirmäge çagyryş ýene bir gezek beýan edilýär. Biz 2002-nji ýylyň Monterreý ylalaşygynda we 2008-nji ýylyň Doha jarnamasynda beýan edilen borçnamalaryň ählisini, şeýle hem Geljegiň bähbidine Paktda beýan edilen degişli borçnamalary goldaýarys we olaryň ýerine ýetirilmegine ýardam ederis.
- Biz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagyna gyzyklanma bildirýändigini we olaryň degişli tagallalary etmäge taýýardygyny belleýäris.
- Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň ýigrimi dokuzynjy maslahatynyň, Kioto teswirnamasynyň taraplarynyň maslahaty hökmünde hereket edýän taraplaryň konferensiýasynyň on dokuzynjy sessiýasynyň hem-de Pariž ylalaşygynyň maslahatynyň taraplary hökmünde hereket edýän taraplaryň konferensiýasynyň altynjy sessiýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň birinde geçirilen taraplaryň konferensiýasynyň ilkinji sessiýasy hökmünde 2024-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde çagyrylmagyny goldaýarys.
- Biz şeýle hem 2026-njy ýylda Ermenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýanyň taraplarynyň konferensiýasynyň on ýedinji maslahatynyň hem-de Konwensiýanyň teswirnamalarynyň taraplarynyň maslahatlary hökmünde hereket edýän taraplaryň konferensiýasynyň maslahatlaryny, 2026-njy ýylda Mongoliýada geçirilmegi meýilleşdirilen uly gurakçylygy ýa-da çölleşmäni başdan geçirýän ýurtlarda, aýratyn hem Afrikada çölleşmä garşy göreşmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň on ýedinji sessiýasynyň çagyrylmagyny goldaýarys.
- Biz soňra 2025-nji ýylyň 23 — 31-nji iýuly aralygynda Zimbabweniň Wiktoriýa-Fols şäherinde suw-batgalyk ýerler barada Ramsar konwensiýasynyň Ylalaşýan taraplarynyň konferensiýasynyň on bäşinji maslahatynyň, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Ženewa şäherinde geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň on altynjy sessiýasynyň, 2026-njy ýylyň 17 — 22-nji maýynda Azerbaýjanda geçirilmegi meýilleşdirilen Bütindünýä forumynyň şäherleriň meseleleri boýunça on üçünji sessiýasynyň, 2027-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriljek ikinji Ählumumy dag sammitiniň hem-de Täjigistanda geçirilmegi meýilleşdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Hereketleriň halkara onýyllygynyň maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň barşyna jemleýji ählumumy syna bagyşlanan 2018 — 2028-nji ýyllar üçin “Durnukly ösüş üçin suw” atly maslahatynyň 2028-nji ýylda çagyrylmagyny goldaýarys.
- 2024 — 2034-nji onýyllyk üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmak
- Biz geljek on ýylyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny onuň özara berkidiji esasy iş ugurlarynyň bäşisine:
а) düzümleýin özgertmeler, ylym, tehnika we innowasiýalar;
- b) söwda, söwda amallarynyň aňsatlaşdyrylmagy we sebitleýin integrasiýa;
ç) üstaşyr geçirmek, ulag we arabaglanyşyk;
- d) uýgunlaşmak mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, sarsgynlyga durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de howanyň üýtgemegi, heläkçilikler babatda goragsyzlygy peseltmek;
- e) amala aşyrmagyň serişdeleri ýaly ugurlara laýyklykda durmuşa geçirmäge berk ygrarlydyrys.
- Biz käbir ýurtlaryň bildiren gyzyklanmasyny nazara almak bilen, oba hojalyk ylmy-barlaglarynyň sebit merkezlerini döretmäge degişli Hereketleriň Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan anyk netijeleri gazanmaga; deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin üstaşyr geçirmegiň erkinligi baradaky mesele boýunça ýokary derejeli bilermenler toparyny döretmäge; deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin infrastrukturany maliýeleşdirmegiň guralyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.
- Biz, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we üstaşyr ýurtlar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýan, durnukly ulaga bagyşlanan onýyllygynyň yglan edilmeginiň wajypdygyny nygtaýarys we onýyllygy durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
- Biz söwda degişli fiziki we sanly infrastrukturanyň ösdürilmeginiň hem-de inklýuziw, adalatlylyk, ykdysady taýdan elýeterlilik esasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin özara baglanyşygy üpjün etmäge ýardam bermegiň wajypdygyny nygtaýarys we köptaraply ösüş banklaryna infrastruktura, şol sanda awtomobil, demir ýollaryna, suw ýollaryna we portlara, energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň infrastrukturasyna, energiýa ulgamlaryna goşulyşmaga, şeýle hem sanly infrastruktura, mysal üçin, optiki-süýümli kabellere, emeli hemra ulgamyna maýa goýumlary artdyrmagy teklip edýäris.
Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we goldaw bermegiň gurallary
- Biz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere, olaryň ösüş prosesi boýunça hyzmatdaşlaryna, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyna we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplara milli ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda onuň esasy bäş ugrunyň çäklerinde ylalaşylan degişli çäreleri sazlaşykly we tiz ýagdaýda kabul etmegi teklip edýäris.
- Birleşen Milletler Guramasynyň gaznalarynyň we maksatnamalarynyň ýolbaşçy edaralaryna, beýleki köptaraplaýyn guramalara, şol sanda köptaraply ösüş banklaryna we beýleki halkara hem-de sebit, maliýe edaralaryna, Bütindünýä Söwda Guramasyna Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna goşant goşmagy hem-de degişli derejede we özleriniň degişli ygtyýarlyklaryna laýyklykda, ony özleriniň iş maksatnamalaryna goşmagy teklip edýäris. Biz hususy maýa goýumlary höweslendirmekde köptaraply ösüş banklarynyň ornuny ykrar edýäris we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde infrastrukturany ösdürmek üçin ýeňillikli maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmaga, söwdanyň maliýeleşdirilmegine üzňeligi gysgaltmaga kömek bermek üçin söwdanyň sanly maliýeleşdirilmegine elýeterliligi giňeltmäge çagyrýarys.
- Biz Demirgazyk-Günorta hyzmatdaşlygyna goşmaça hökmünde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň artýan ornuny hem-de üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, maýa goýum işini we serhetýaka hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän şert hökmünde özara okatmagyň we sebit integrasiýasynyň ornuny goldaýarys.
Ýolbaşçylyk, hasabatlylyk we monitoring
- Biz milli liderligiň we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, üstaşyr ýurtlaryň hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň ösüş babatdaky strategiýasy we syýasaty üçin jogapkärçiligiň maksatnamany amala aşyrmagyň tutuş dowamynda geljekki işiň we monitoringiň dowamynda üpjün edilmelidigini nygtaýarys.
- Biz geljekki işiň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň düzgünleriniň amala aşyrylyşynyň barşyna synyň möhüm guraly hökmünde az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliň Kanselýariýasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerdäki ýurt toparlarynyň arasynda has ýakyn utgaşyklylygy üpjün etmäge çagyryp, Kanselýariýanyň özüniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek üçin ýeterlik derejedäki serişdeleri üpjün etmelidigini, şol sanda ony hereket edýän maksatlaýyn gazna arkaly üpjün etmelidigini nygtaýarys. Biz şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň, şol sanda BMG-niň utgaşdyryjy-rezidentleri we ýurt toparlary arkaly hereket edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Hökümetlerine bu ýurtlarda düzümleýin çäklendirmeler zerarly ýüze çykan meseleleri çözmekde kömek bermek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmekde has işjeň orny eýelemelidigini nygtaýarys.
- Biz geljekki işiň we monitoringiň bar bolan ählumumy çäklere laýyk getirilen we milli, subregional, sebit, ählumumy derejede uýgunlaşdyrylan netijeli we birek-biregiň üstüni ýetirýän gurallarynyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belleýäris.
III. Jemleme we herekete çagyryş
- Biz 2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmek babatda toplumlaýyn çäreleriň gaýragoýulmasyz ýagdaýda kabul edilmelidigine berk ygrarlydygymyzy beýan edýäris.
- Biz Hereketleriň Awaza maksatnamasy bilen baglylykda, geljekki işiň ylalaşykly berjaý edilmegine hem-de onuň milli, subregional, sebit we ählumumy derejede ýerine ýetirilişine monitoringi amala aşyrmaga ýardam bermek üçin Baş sekretardan Birleşen Milletler Guramasynyň ähli degişli düzümleriniň işiniň doly möçberde utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi haýyş edýäris. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň degişli guramalaryny we edaralaryny, halkara guramalary, sebit we subregional guramalary, zerur bolan halatynda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny özleriniň degişli ygtyýarlyklarynyň çäklerinde iş maksatnamalaryna goşmaga çagyrýarys we teklip edýäris.
- Biz Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna myhmansöýerlik hem-de maslahatyň ählumumy hyzmatdaşlygyň hem-de raýdaşlygyň ruhunda ýokary derejede geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.