Her ýylyň 24-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni bellenilip geçilýär. Bu sene halkara guramanyň 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda resmi taýdan işe başlamagy bilen baglanyşyklydyr (aslynda, BMG-ni döretmek hakyndaky Düzgünnama 1945-nji ýylyň 26-njy iýunynda tassyklanylýar). 1947-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan yglan edilen bu sene 1971-nji ýylda halkara baýramçylyk hökmünde ykrar edilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli gurama agza ähli döwletlerden myhman hökmünde wekiliýetler çagyrylýar. Baýramçylygyň çäginde forumlar, pikir alyşmalar, bilimi ösdürmek bilen baglanyşykly okuw programmalary geçirilýär. Şeýle hem medeni ýarmarkalar, global meselelere we medeni däp-dessurlara düşünmäge itergi berýän çäreler guralýar. Çärelerde, esasan, ýaşlaryň orny uly bolup, ösüp gelýän ýaş nesiller çykyşlarynda öz garaýyşlaryny beýan edýärler.
Birleşen Milletler Guramasynyň gününiň bu ýylky esasy temasy «Geljegimizi bilelikde gurýarys» bolup, ýaşlar üçin «Parahatçylykly dünýä üçin hereket ediň!» şygary hem ulanylýar. Bu şygar ýaşlaryň dünýädäki parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşmagyny alamatlandyrýar. Şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy dünýäniň birnäçe döwletlerinde hem-de ata Watanymyz Türkmenistanda uludan bellenilip geçilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilen gününden bäri, halkara gurama bilen syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Halkara guramanyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzda konferensiýalar, forumlar, özara pikir alyşmalar, sergiler, medeni çäreler we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Baýramçylyk çärelerinde hem-de dabaralarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek bilen bagly Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan dünýä derejesindäki işleriň waspy ýetirilýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iki möhüm senäniň – BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň gabat gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky işinde oňyn Bitaraplyk, gapma-garşylyklary we düşünişmezlikleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtamak gerek.
Durnukly Ösüş Maksatlaryny (17 ugur) alyp barýan bu guramanyň 193 agzasy bolup, dünýäde parahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly orny eýeleýär. Dünýäde millionlarça adama azyk we lukmançylyk kömegini berýän halkara guramanyň ştab-kwartirasy Nýu-Ýork şäherinde, Ýewropadaky merkezi Ženewa şäherinde hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýär. BMG-niň 6 sany resmi dili (arap, hytaý, iňlis, fransuz, rus we ispan) bolup, halkara forumlarda şu dillerde çykyş edilýär. Gurama Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC), Halkara Kazyýet hem-de Sekretariat ýaly düzümlerden ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasy birnäçe gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanyldy.
PDF









