Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, buýan köki, nah ýüplük, çig ýüpek ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 811 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 67 million 237 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, türkmen aglomeratyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi we nah matany, pagta süýümini satyn aldylar.

(TDH)