Türkmen talyplary her ýyl döwlet derejesinde, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ders olimpiadalarynyň, bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2026-njy ýylyň 25-28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherindäki Buhara döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Buhara Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO-2026) we Buhara Halkara Himiýa olimpiadasynda (BICHO-2026) üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.
Matematika we himiýa dersleri boýunça halkara olimpiadalar Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Iordaniýa Patyşalygy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden ýokary okuw mekdepleriniň toparlaryna wekilçilik eden 500-e golaý talybyň gatnaşmagynda geçdi.
Bu olimpiadalara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşyp ýokary netijeleri gazandylar. BICHO-2026 (himiýa) halkara olimpiadasynda institutyň Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nyýazmuhammet Begençmuhammet birinji orny eýeläp altyn medala, Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kakajan Kakaýew üçünji orny eýeläp bürünç medala, Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Wepa Ozzyýew üçünji orny eýeläp bürünç medala mynasyp boldylar. BIMO-2026 (matematika) olimpiadasynda bolsa institutyň Logistika (senagat pudagynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Batyr Öwezmyradow ikinji orny eýeläp kümüş medala, Maglumat howpsuzlygy taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Muhabbat Zafarjanowa ikinji orny eýeläp kümüş medala mynasyp boldylar. Bu hoş habar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy.
Ýurdumyzda ylym-bilim alýan ýaşlaryň halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşyp üstünlik gazanmagy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hoşalyk maslahaty hem-de olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň at gazanan arhitektorlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty