Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 333 million manada golaý bolan hlorly kalini, tehniki kükürt kislotasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), nah matany satyn aldylar.
PDF









