Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň telekeçilerine buýan köküniň goýy ekstrakty, gazlandyrylan mineral suw we alkogolsyz gazlandyrylan içgiler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 62 million 500 müň manada deň bolan nebit ýol bitumyny we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.