Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge taýýarlyk görlüp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bu şanly sene mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şanly waka BMG-niň döredilmeginiň ýubileýine gabat gelýär. Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, ýokary derejeli iri halkara forum geçiriler. Bu foruma BMG-niň strategik maksatlaryny gazanmaga anyk goşant hökmünde garaýarys we oňa giň halkara wekilçiligiň gatnaşjakdygyna umyt edýäris» diýip belledi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döredildi.
Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary hem ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylyk, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini dünýä derejesinde ilerletmäge goşant goşýarlar. Olar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň mazmunyny tanyşdyrmak bilen bagly dürli çäreleri guraýarlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly çäre, Duşenbe şäherinde Ýaşlar dialogy, Astrahanda «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy» atly BMG-niň Modeli, Moskwa şäherinde diplomatik agşam, BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» (GCN) hem-de «Greater Caspian Association» (GCA) bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara forum, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde «Polýarlykdan hyzmatdaşlyga: halkara ulgamyna bolan ynamy dikeltmek» şygary bilen «Astana Think Tank Forum 2025» atly halkara forum, Pekiniň «Marriott» myhmanhanasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamalary arkaly hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzda şanly senäniň 30 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda dürli dabaralar we Halkara forum guralar. Bu foruma BMG-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine giň gerim berilýär. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalar ýaýbaňlandyrylýar. Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek duşuşyklar, halkara derejedäki maslahatlar we medeni-köpçülikleýin çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralar.
12-nji dekabrda agzybir halkymyz ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk döredijilik we özgerdijilik ugruna gyşarnyksyz ygrarlylygynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk gününi ägirt uly galkynyş bilen bellär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatyny aýgytly we yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işinde mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we dostluk ýörelgeleriniň beýanydyr. Bitaraplyk Garaşsyz Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrdy, dünýäniň ynamdar, hoşniýetli we ynsanperwer döwletleriniň hatarynda tanatdy. Bitaraplyk – ýurdumyzyň ösüşiniň, jemgyýetimiziň durnuklylygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
 PDF
 PDF 
		

 
                         