Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna halkara derejesinde taýýarlyk görülýär. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň hem-de bagtyýar halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini beýgeldýän gymmatlygymyzdyr. Muny ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Karary hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigini ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Ýeri gelende bellesek, şu şanly senede bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi guwandyryjy wakadyr.
Halkara Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwletimiz ählumumy ykrar edilen ýurt hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly eýerýär. Türkmenistan dünýäde öz Esasy Kanunyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny kanuny esasda girizen döwletdir. BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejämiziň Esasy Kanunymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapmagy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýurtdugyna ýene bir gezek doly güwä geçýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilendir, görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny, wagt bilen çäklendirilen däldir, manysy boýunça oňyndyr, konstruktiwdir. Türkmenistan Bitaraplyk statusyny parahatçylyk zamanasynda, özi hem hiç hili uruşlar bilen baglanyşyksyzlykda gazanandyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan köpugurly, toplumlaýyn «açyk gapylar» daşary syýasatyny durmuşa geçirýär. Bu syýasat giň we doly ülňüli halkara hyzmatdaşlygy, onuň häzirki zamanyň esasy işlerine işjeň dahyllylygy we öz maksatlaryňa anyk düşünmek ýaly anyk ýörelgelere esaslanýar.
Türkmenistanyň geografik gatnaşyklary giňelýär, oňa täze döwletler we sebitler dahylly edilýär. Türkmenistan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna ynamly çykýar, muny maksadaokgunly we yzygiderli amala aşyrýar. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklaryň häsiýetine oňyn täsir edýär, daşary maýa goýumlaryny çekmek bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge itergi berýär, döwletiň dünýädäki ornuny berkitmäge, Türkmenistanyň jogapkär we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýynyň artmagyna hyzmat edýär.
Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, dünýäde döreýän kynçylykly meseleleri syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekde aýratyn ähmiýetli bolup öňe çykýar. Abraýly halkara bileleşigi tarapyndan berlen bu belent dereje beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga niýetlenen berk syýasy we hukuk guralydyr. Parahatsöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat bilen garamak Bitaraplygyň binýatlyk ölçegleri bolup, olar Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde ýurdumyz Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň BMG-niň maksatlaryna laýyk gelýändigini, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny birleşdirmekde netijelidigini iş ýüzünde subut etdi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösýän depginleri Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işlerinde eýeleýän işjeň ugry, onuň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmekde ýardam etmäge çalyşmagy bilen mese-mälim görnüp dur. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden çykyş edip, ägirt uly ylalaşdyryjylyk tejribesini toplan we halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyna eýe bolan öňdebaryjy döwletdir.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine wepaly bolup BMG-niň öňündäki borçlaryna abraý bilen hötde gelýän Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň bedew bady mundan beýläk-de batly bolsun!
Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.