Şu ýylyň 13-nji fewralynda 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Köneürgenç etraby 2025-nji ýylda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanyp ýeňiji bolandygy barada hoş habaryň aýdylmagy etrabymyzyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli bagtyýar ilatyny diýseň begendirdi, buýsandyrdy.
Bilşimiz ýaly, ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen bu bäsleşik ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak üçin alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl guralýar. Hemişelik baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde toýlanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Köneürgenç etraby durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Şu mynasybetli geçen ýyly açylyp ulanylmaga berilen Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesinde toý uludan tutuldy. Dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalary, medeniýet ulgamynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrabyň bagtyýar ilaty gatnaşdylar. Medeniýet öýüniň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar özleriniň hoş owazly aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar zamanamyzy, ýurdumyzyň dünýä ýüzindäki at-abraýyny, 2026-njy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylyny belentden wasp etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitleri açyp görkezýän sergileri synladylar. Sergilerde gelin-gyzlarymyzyň el işleri, milli şaý seplerimiz, dokma önümlerimiz, oba hojalygy bilen bagly dürli görnüşli önümler we başga-da milli gymmatlyklarymyz giňden ýaýbaňlandyryldy. Soňra dabara gatnaşyjylar medeniýet öýüniň içinde duz-çörek bilen garşy alnyp, dabara mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagynyň okalmagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde görelde görkezip, ýeňiji bolan Köneürgenç etrabyna hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan bir million amerikan dollary möçberindäki pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra dabarada Köneürgenç etrabyna şeýle şa serpaýynyň gowşurandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi. Döwlet derejesinde şeýle ýokary sylagyň berilmegi etrabyň bagtyýar ýaşaýjylaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýandygy barada buýsançly çykyşlar diňlenildi. Soňra bu ýerde medeniýet we sungat işgärleri döredijilik toparlary toý dabarasynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlarda, tans hem-de halk döredijilik çykyşlarynda berkarar Watanmyzyň ösüşli menzilleri, halkymyzyň gazanan beýik üstünlikleri, rowaçlyklara beslenýän eziz diýarymyzyň at-abraýy, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini waspy ýetirildi.
Şeýle ýokary derejeli döwlet sylagynyň gowşurylmagy Köneürgenç etrabynyň bagtyýar halkynyň begençli başyny göge ýetirdi. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak şu taryhy ýylymyzda etrabyň agzybir ýaşaýjylaryny täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga uly badalga berer.
Biziň her birimize yhlasly zähmet çekip, eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşamagymyz, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagymyz ugrunda döredýän şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Şa serpaýyňyz gutly bolsun Köneürgenç etrabynyň bagtyýar ilaty.

Mahmut ÝAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.