11-nji sentýabrda Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze köprülerden ilkinji awtoulaglar geçip başlady. Awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz hereket edilen üpjün edilen döwrebap köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş ulgamlary çekilipdir.

Soňra dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda “Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýar. Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Soňra dabara gatnaşyjylar täze şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy hereket edýär. Onda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Täze şäherçäniň 420 orunlyk orta mekdebinde ösüp gelýän nesliň döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.