12-nji awgustda Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanyň “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiniň 3-nji maslahaty geçirildi. “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitet milli derejede bu ugurda utgaşdyrmak, aragatnaşyk we bilelikdäki çäreleri netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen döredildi. Komitetiň düzümine ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri girýär. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjylarynyň çykyşlary diňlenildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy, gullugyň Milli utgaşdyryjysy Arslan Soltanmyradow çykyş edip, mallaryň saglygyny goramak ugrynda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmekde ýurduň gazanan öňegidişlikleri barada maglumat berdi. Ol zoonoz keselleriň öňüni alyş ulgamyny berkitmekde gazanylan esasy üstünlikleri hem-de halkara standartlaryny kämilleşdirmäge we ornaşdyrmaga, hünärmenleri taýýarlamakda we pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary belledi.
“Bitewi saglyk” çemeleşmesi bu diňe bir halkara başlangyjy bolman, eýsem, güýçli millet – bu sagdyn halk, göwnejaý saklanylýan toprak we goragly haýwanlar diýen gadymy pähimiň janly beýanydyr. Häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeler şertlerinde bu düşünje aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Täze keseller araçäkleri tanamaýar, üýtgeşmeleriň ýeli diňe ösüşi däl, eýsem, howplary hem getirýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy köpýyllyk tejribesine, giň gerimli sebit düzümleriniň ulgamyna we barlaghana binýadyna daýanyp, zoonoz keselleriň öňüni alyş, olary ir ýüze çykarmak we netijeli çäreleri görmek işine uly goşant goşýar.
Milli pudagara utgaşdyryjy komiteti döretmegiň maksatlary we wezipeleri şulardan ybaratdyr:
• ýurdumyzda we degişli pudaklaryň arasynda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän çäreleri utgaşdyrmak, aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk mehanizmlerini, şeýle hem geçirilýän çäreleriň ýerine ýetirilişini gözegçilik etmek we bahalandyrmak mehanizmlerini döretmek;
• ýurdumyzda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça döwlet syýasatyny işläp düzmekde goldaw bermek;
• adam saglygyny goramak, mallaryň saglygyny goramak we ekologiýa pudaklarynyň özara arabaglanyşygyna degişli dürli töwekgelçilikler bilen bagly meýilnamalaşdyrmak we taýýarlyk görmek meselelerini goşmak bilen, “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça milli ulgamyň mümkinçiliklerini berkitmek.