Şu ýyl dün­ýä­niň iň uly hö­kü­me­ta­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­di­le­ni­ne 80 ýyl dol­ýar. Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da bol­şy ýa­ly, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­li hep­de­lik öz işi­ne baş­la­dy. 29-njy sent­ýab­ra çen­li do­wam et­jek hep­de­li­giň çäk­le­rin­de dür­li çä­re­ler, du­şu­şyk­lar, pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ri­ler. Ýo­ka­ry de­re­je­li hep­de­li­ge gat­naş­ma­ga ba­ran dün­ýä­niň 150-den gow­rak ýur­dun­dan döw­let we Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry Baş As­samb­le­ýa­da çy­kyş edip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän ýur­du­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­tir­ýär­ler. Ses­si­ýa­la­ra mi­nistr­ler we beý­le­ki döw­let iş­gär­le­ri hem gat­naş­ýarlar.


Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 9-njy sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy öz işi­ne baş­la­dy. «Iň go­wu­sy bi­le­lik­de: 80 ýyl pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ösü­şiň we adam hu­kuk­la­ry­nyň ha­ty­ra­sy­na» at­ly şy­gar bi­len ge­çi­ril­ýän ýu­bi­leý ses­si­ýa 2026-njy ýy­lyň 8-nji sent­ýab­ryn­da ta­mam­la­nar. Mej­lis Baş As­samb­le­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy, Ger­ma­ni­ýa­nyň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri An­na­le­na Ber­bo­kyň çy­ky­şy bi­len açyl­dy. Ses­si­ýa­da çy­kyş eden Ber­bok BMG-niň ýö­rel­ge­le­ri­niň her dür­li şert­ler­de go­ra­mak­la­ry­ny do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di. Baş­lyk dün­ýä­niň BMG bol­maz­dan hiç hi­li ýag­daý­da has go­wy bo­lup bil­me­jek­di­gi­ne, ze­rur­lyk duý­lan ugur­da BMG-den baş­ga al­ter­na­ti­wa­nyň ýok­du­gy­na ün­si çek­di. Ol BMG-niň dün­ýä­dä­ki äh­li ýurt­la­ry bir ýe­re jem­läp bil­jek ýe­ke-täk gu­ra­ma bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
An­na­le­na Ber­bok bu we­zi­pä ýe­ke-täk da­laş­gär hök­mün­de tek­lip edi­lip­di. Ol bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän 5-nji ze­nan ýol­baş­çy­dyr. BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň baş­ly­gy BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik ag­za­la­ryn­dan baş­ga, BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­dan bir ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar. Ber­bok gen­der deň­li­gi­ni we klimaty go­ra­ma­gy özü­niň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry di­ýip ha­sap­la­ýar.
Ber­bok tä­ze ses­si­ýa­da esa­sy mak­sat­la­ry bo­lan pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk, dur­nuk­ly­lyk, ösüş we adam hu­kuk­la­ry ugur­la­ryn­da iş­le­mek­le­ri­ni do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ni bel­läp, bu ugur­da çet­leş­di­ril­mez­den, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­na ag­za 193 ýur­da we gu­ra­ma hyz­mat et­jek­di­gi­ne wa­da ber­di.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş hem eden çy­ky­şyn­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 5-nji ze­nan baş­ly­gy hök­mün­de saý­la­nan Ber­bo­ky gut­lap, Ger­ma­ni­ýa­nyň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri hök­mün­de dip­lo­ma­tik tej­ri­be­si­ni bu we­zi­pe­sin­de peý­da­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Ag­za­la­ryň sa­ny
1945-nji ýyl­da 51 ag­za bi­len dö­re­di­len gu­ra­ma hä­zir­ki wagt­da 193 döw­let ag­za bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem Pa­les­ti­na we Wa­ti­kan syn­çy döw­let sta­tu­sy­na eýe. Baş As­samb­le­ýa­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we­ki­li hem çy­kyş ed­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi BMG-niň gi­ňel­di­len syn­çy sta­tu­sy­na eýe­dir. Bu sta­tus Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­na Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň adyn­dan çy­kyş et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. ÝB beý­le­ki BMG-ä ag­za ýurt­lar ýa­ly ses ber­mä­ge hu­ku­gy ýok, em­ma tek­lip ber­mek, çe­kiş­me­le­re gat­naş­mak we tes­wir ber­mek ýa­ly hu­kuk­la­ra eýe.
Baş As­samb­le­ýa­nyň münberinde edil­ýän çy­kyş­lar dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gy iler­let­mek­, pa­ra­hat­çy­ly­gy, azat­ly­gy üp­jün et­mek, klimatyň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak ýa­ly me­se­le­le­riň çöz­gü­di­ni tap­mak üçin uly müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Baş As­samb­le­ýa äh­li ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na deň de­re­je­de çy­kyş et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Köp ýyl­lyk dä­be gö­rä, il­ki bi­len, Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti çy­kyş ed­ýär. Mu­nuň se­bä­bi BMG-niň dö­re­di­len il­kin­ji ýyl­la­ryn­da Bra­zi­li­ýa­nyň il­ki bi­len çy­kyş et­me­gi ha­sap­lan­ýar. Ikin­ji çy­kyş ge­ze­gi bol­sa, ýer eýe­si hök­mün­de ABŞ-a be­ril­ýär.
Soň­ra bol­sa, söz no­ba­ty beý­le­ki ýurt­la­ryň döw­let Baştutan­la­ryn­dan baş­lap, we­zi­pe­si­ne we ýüz tu­tan ge­ze­gi­ne gö­rä, Prem­ýer-mi­nistr­le­re, mi­nistr­le­re we beý­le­ki we­kil­le­re be­ril­ýär.
BMG-niň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da Baş As­samb­le­ýa­da edil­ýän çy­kyş­lar­dan baş­ga-da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň dür­li de­re­je­li we­kil­le­ri adam­za­dyň ýüz­be-ýüz bol­ýan me­se­le­le­ri­ne we ola­ryň öňü­ni al­ma­ga çöz­güt göz­le­ýär­ler. Bu ýyl­ky ýyg­nak­lar­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, gen­der deň­li­gi we eme­li aň se­bäp­li ýü­ze çy­kyp bil­jek me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Mak­sat­na­ma­da Dör­dün­ji Bü­tin­dün­ýä ze­nanlar konferensiýasynyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry de­re­je­li du­şu­şyk­lar hem ge­çi­ril­ýär. Bi­rin­ji Bü­tin­dün­ýä ze­nanlar konferensiýasy 1975-nji ýyl­da Mek­si­ka­da ge­çi­ri­lip­di. Dör­dün­ji Bü­tin­dün­ýä ze­nanlar konferensiýasy bol­sa, 1995-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip, on­da dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­de ýa­şa­ýan ze­nan­lar üçin deň­li­giň, ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi mak­sat edi­ni­lip­di.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylky zenanlar konferensiýasyna ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Ta­ry­hy
1945-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ry iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­di­len gü­ni bo­lup, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Bu gu­ra­ma dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, er­kin­li­gi, azat­ly­gy, döw­let­le­riň bi­ri-bi­ri­ne bo­lan yna­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär. Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da dün­ýä döw­let­le­riniň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de Ýer ýü­zün­de äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň tä­ze bin­ýa­dy­ny dö­ret­mä­ge bo­lan ym­tyl­ma­lar hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň dö­re­dil­me­gi­ne esas bol­ýar. Hal­ka­ra Gu­ra­ma hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň ga­raş­syz ýurt­la­ry­nyň äh­li­si ag­za bo­lup dur­ýar.
Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan ösü­şi­niň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýup, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bol­dy.
BMG-niň Nýu-Ýor­kuň Man­het­ten et­ra­byn­da Gün­do­gar der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky ştab-kwar­ti­ra­sy 1949-1952-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. Bi­na­lar top­lu­my­nyň çä­gin­de Sek­re­ta­ria­tyň ja­ýy, 1800 orun­lyk Baş As­samb­le­ýa­nyň za­ly, Mas­la­hat­lar ja­ýy, Dag Ham­marş­ýold adyn­da­ky ki­tap­ha­na bar. Şeý­le hem top­lu­myň how­lu­syn­da dür­li ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len sun­gat eser­le­ri bar. Bu top­lum hal­ka­ra çäk ha­sap edi­lip, hal­ka­ra dip­lo­ma­ti­ýa­nyň mer­ke­zi­dir.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň il­kin­ji mej­li­si 1946-njy ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da Lon­don­da açyl­ýar. Şol gün 1920-nji ýyl­da dö­re­di­lip, 1946-njy ýy­lyň 18-nji ap­re­lin­de ýa­ty­ry­lan Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 26 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. Halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça he­re­ket eden Mil­let­ler Li­ga­sy­nyň ma­li­ýe se­riş­de­le­ri we borç­na­ma­la­ry BMG-ä ge­çi­ril­ýär.
Baş As­samb­le­ýa­nyň ses­si­ýa­la­ry il­ki Lon­don­da, soň­ra Pa­riž­de ge­çi­ril­ýär. 1952-nji ýyl­dan soň­ra bol­sa, her ýyl di­ýen ýa­ly, Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­da ge­çi­ril­ýär. Gu­ra­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy sak­la­mak­dan, adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak­dan, yn­san­per­wer kö­mek­le­ri­ni ug­rat­mak­dan, dur­nuk­ly ösü­şi we klimatyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga gol­daw ber­mek­den yba­rat.
San­lar we mag­lu­mat­lar
Hal­ka­ra gu­ra­ma Af­ri­ka­dan 54, Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­tin­den 55, Gün­do­gar Ýew­ro­pa­dan 23, La­tyn Ame­ri­ka­syn­dan we Ka­rib se­bi­tin­den 33, Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­dan we beý­le­ki ýer­ler­den 28 ýurt ag­za bo­lup dur­ýar.