BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti şu ýylyň ahyrynda tamamlanýar. Arzalary kabul etmek möhleti tamamlandy. Häzirki wagtda dört sany dalaşgär öňe saýlandy. BMG-niň geljekki Baş sekretaryna ýeňil bolmadyk wezipe garaşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maliýe çökgünligine jogap hökmünde giň gerimli özgertmeleri meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda resmi taýdan dört adam – iki erkek we iki zenan dalaşgär hasaba alyndy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki başlygy Annalena Berbok bu wezipä zenan maşgalanyň saýlanmagyny makullaýar. Berbok fewral aýynda Ženewada guralan adam hukuklary boýunça maslahatda «Biziň gulluk etmeli dünýä ilatynyň ýarysy zenanlar bolsa-da, nähili bolup 80 ýylyň dowamynda bir gezek hem aýal maşgala baş sekretar wezipesine saýlanmady?» diýen sowaly orta atdy.
1-nji dalaşgär: Çiliden bolan 74 ýaşly Mişel Baçelet – Çiliniň ilkinji zenan döwlet Baştutany. Baçeletiň Birleşen Milletler Guramasynyň işinde hem uly tejribesi bar. Ol ozal BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary wezipesinde işledi we «BMG-zenan» atly aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy gurama ýolbaşçylyk etdi. Baçeletiň dalaşgärligi Braziliýa we Meksika tarapyndan öňe sürüldi.
2-nji dalaşgär: Argentinadan bolan 65 ýaşly Rafael Grossi – Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) ýolbaşçysy. Bu wezipede hünärmen eýýäm köp ýyllaryň dowamynda bütin dünýädäki ýadro maksatnamalaryna gözegçilik edýär we ýadro howpsuzlygy üçin jogap berýär. Grossiniň dalaşgärligi öz ýurdy Argentina tarapyndan öňe sürüldi.
3-nji dalaşgär: Kosta-Rikadan bolan 70 ýaşly Rebeka Grinspan – ykdysatçy we Kosta-Rikanyň öňki wise-prezidenti. Ol BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň baş sekretarydyr. Onuň dalaşgärligini öz ýurdy Kosta-Rika öňe sürdi.
4-nji dalaşgär: Senegaldan bolan 64 ýaşly Maki Sall – uzak wagtlap Senegalyň Prezidenti wezipesini eýeledi. Ol wezipede oturan döwründe, esasan, infrastruktura ösüşine we syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine üns berdi. Onuň dalaşgärligi Burundi tarapyndan öňe sürüldi.
Interaktiw onlaýn dialoglar ýakyn günlerde başlar we onuň dowamynda dalaşgärler öz maksatnamalaryny hödürläp, BMG-ä agza döwletleriň soraglaryna jogap bererler. Iýuldan başlap, Howpsuzlyk Geňeşi dalaşgärleriň biri weto bökdenjine duçar bolman, sesleriň agramly bölegini alýança birnäçe gezek ses berişlik geçirer. Ses berişlik geçirilýänçä, agza döwletler iň soňky pursatda hem dalaşgärleri öňe sürüp bilerler. Jemleýji tapgyr hökmünde, täze belleniljek adam Baş Assambleýa tarapyndan tassyklanmalydyr. Netijelere güýzüň başlarynda garaşylýar.
PDF









