Düýn, 9-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy öz işine başlady.
“Iň gowusy bilelikde: 80 ýyl parahatçylygyň, ösüşiň we adam hukuklarynyň hatyrasyna” atly şygar bilen geçirilýän ýubileý sessiýa 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda tamamlanar. Mejlis Baş Assambleýanyň täze başlygy, Germaniýanyň öňki daşary işler ministri Annalena Berbokyň çykyşy bilen açyldy. Bir minutlyk dymyşlykdan soňra başlan sessiýada çykyş eden Berbok BMG-niň ýörelgeleriniň her dürli şertlerde goramaklaryny dowam etdirjekdiklerini belledi. Başlyk dünýäniň BMG bolmazdan hiç hili ýagdaýda has gowy bolup bilmejekdigini, zerurlyk duýlan ugurda BMG-den başga alternatiwanyň ýokdugyna ünsi çekdi. Ol BMG-niň dünýädäki ähli ýurtlary bir ýere jemläp biljek ýeke-täk gurama bolmagynda galýandygyny aýtdy.
Berbok täze sessiýada esasy maksatlary bolan parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk, ösüş we adam hukuklary ugurlarynda işlemeklerini dowam etdirjekdiklerini belläp, bu ugurda çetleşdirilmezden, BMG-niň Baş Assambleýasyna agza 193 ýurda we gurama hyzmat etjekdigine wada berdi.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş hem eden çykyşynda Baş Assambleýanyň 5-nji zenan başlygy hökmünde saýlanan Berboky gutlap, Germaniýanyň ozalky daşary işler ministri hökmünde diplomatik tejribesini bu wezipesinde peýdalanjakdygyny aýtdy.