Baş Assambleýa,

2023-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky 78/148 Kararnamasynda 2026 — 2035-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan edendigini hem-de bu onýyllygyň bar bolan düzümleriň we serişdeleriň çäklerinde geçiriljekdigini ýatlatmak bilen,

durnukly ulag hakynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky 69/213, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky 70/197, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky 72/212, 2021-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky 75/313, 2023-nji ýylyň 16-njy maýyndaky 77/286 hem-de 78/148 Kararnamalaryna salgylanyp,

şeýle hem Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 1980-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky 1980/67 halkara ýyllary we ýyllyklary, 1989-njy ýylyň 24-nji maýyndaky 1989/84 ykdysady we durmuş ulgamlarynda halkara onýyllyklar babatynda gollanma bolup hyzmat edýän ýörelgeleri hakynda hem-de Baş Assambleýanyň 1998-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 53/199 we 2006-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky 61/185 halkara ýyllary yglan etmek hakynda Kararnamalaryna salgylanmak bilen,

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini, Sewilýa borçnamasyny, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji onýyllyga niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny, has az ösen ýurtlar üçin Hereketleriň Doha maksatnamasyny, “Ösüp barýan kiçi ada döwletler üçin Antigua we Barbuda gün tertibi: durnukly gülläp ösüşe ýetmek hakynda täzelenilen Jarnama” resminamasyny, Pariž ylalaşygyny, 2015 — 2030-njy ýyllar üçin heläkçilikleriň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendaý çarçuwaly Maksatnamasyny hem-de Şäherleri ösdürmegiň täze maksatnamasyny tassyklamak bilen,

awtomobil ýollarynyň, ýollaryň, köçeleriň, demir ýollaryň, howa ugurlarynyň, içerki suw ýollarynyň, deňiz ulagynyň, ulag-geçiriş çatryklarynyň hem-de portlaryň özara baglanyşykly toruny ösdürmegi amatlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak arkaly multimodal ýük gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamlaryny peýdalanmagyň hasabyna ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp hem-de ýokary hilli, ygtybarly, ekologik talaplara laýyk gelýän, sarsgynlara durnukly düzümleýin desgalaryň meýilleşdirilmegine, gurluşygyna, ulanylyşyna we hyzmat edilişine ýardam bermek bilen,

Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy oktýabrynda Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen Durnukly ulag boýunça ikinji ählumumy maslahaty barada ýatlatmak bilen,

Baş Assambleýanyň Başlygy tarapyndan 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde çagyrylan durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisiň çözgüdini belläp,

garyplygy aradan aýyrmakda hemmeler üçin durnukly, howpsuz, elýeterli we arzan ulag ulgamlarynyň möhüm ornuny, ykdysady ösüşi höweslendirmegiň, söwda ýardam bermegiň hyzmatdaşlygyny we integrasiýasyny, jemgyýetçilik abadançylygyny ýokarlandyrmagyň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, daşky gurşawyň hapalanmagyna we howanyň üýtgemegine garşy göreşiň möhümdigini ykrar etmek bilen,

şeýle hem emeli aňyň we beýleki iň täze sanly tehnologiýalaryň bütin dünýäde ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda, onýyllygyň geçirilmegini goldamak arkaly olaryň elýeterliligini, netijeliligini we ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün etmekde barha artýan ornuny ykrar etmek bilen,

1. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň (2026 — 2035-nji ýyllar) geçirilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki merkezi edaralarynda 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda resmi taýdan başlanýandygyny, şeýle hem BMG-niň sebit komissiýalary bilen giňişleýin geňeşmeler esasynda 2024-nji we 2025-nji ýyllarda agza döwletler hem-de ýöriteleşdirilen edaralar, gaznalar, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatnamalarydyr edaralary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komiteti, şeýle hem beýleki hökümetara guramalar, şol sanda Halkara Deňiz Guramasy we Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Halkara ulag forumy ýaly beýleki degişli edaralar bilen emele gelen ýagdaýlara baglylykda, hökümete dahylsyz guramalar hem-de gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen hyzmatdaşlykda Sekretariatyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan işlenip taýýarlanylan onýyllygy geçirmegiň meýilnamasynyň amala aşyrylmagyna başlanandygyny kanagatlanma bilen belleýär,

2. Sekretariatyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentine Birleşen Milletler Guramasynyň sebit ykdysady komissiýalary hem-de beýleki degişli guramalary, gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar bilen hyzmatdaşlykda onýyllygy amala aşyrmak we geçirmek işlerine ýolbaşçylyk etmegi hem-de utgaşdyrmagy, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde meýletin tölegleri peýdalanmak arkaly çäreleri we maksatnamalary kesgitlemegi hem-de işläp taýýarlamagy teklip edýär,

3. Onýyllygyň maksadynyň bütin dünýäde zyňyndylaryň möçberini azaltmakda ýa-da nol derejesine ýetirmekde dürli milli şertleri hasaba almak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür we ondan soňky ýyllarda Durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini goldamak üçin durnukly, inklýuziw, elýeterli, arzan, howpsuz, energetika taýdan netijeli, ýokary hilli, ygtybarly hem-de durmuşa ukyply ulag ulgamlaryny kemala getirmek babatda toparlaýyn tagallalary tizleşdirmekden ybaratdygyny belleýär,

4. Durnukly ulagyň dostlary topary, Durnukly ulag meseleleri boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk, “Hemmeler üçin durnukly çalasynlyk”, Durnukly pes uglerodly ulag ugrunda hyzmatdaşlyk ýaly guramalar bilen durnukly ulag meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň işini hemmeler üçin howpsuz, arzan, elýeterli we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmekde köptaraplaýyn dialoga hem-de hyzmatdaşlyga giňden ýardam bermek üçin meýdançalar hökmünde maglumat görnüşinde kanagatlanma bilen kabul edýär hem-de onýyllygy goldamakda olaryň oňyn ornuny belleýär.

Amala aşyrmagyň çäkleri

5. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça üçünji ählumumy maslahatyny çagyrmak arkaly 2030-njy ýylda halkara çäräniň häzirki wagtda bar bolan meýdançalarynda, onýyllygy geçirmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda ösüşe hem-de meýletin borçnamalaryň ýerine ýetirilişine baha bermek, onýyllygyň galan döwründe maslahatlary işläp taýýarlamak üçin sessiýa görnüşinde onuň ortaça möhletli synyny taýýarlamagy hem-de 2035-nji ýylda onýyllygyň umumy gazananlaryna garamak we 2035-nji ýyldan soňky döwürde durnukly ulag ulgamynda ählumumy tagallalary goldamak üçin geljege gönükdirilen jemleýji resminamalary ylalaşmak üçin ýokary derejeli jemleýji syn beriş maslahatyny geçirmegi karar edýär,

6. Baş sekretardan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar bilen maslahatlaşyp, umumy ulgam sazlaşygynyň hem-de BMG-niň hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, meýletin tölegler esasynda hem-de bar bolan serişdeleriň çäklerinde onýyllyga goldaw bermekde durnukly ulag meseleleri boýunça utgaşyklylygy pugtalandyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň hereket edýän edara ara mehanizmleriniň işinde toplanan öňdebaryjy tejribäni we sapaklary hasaba almak bilen, utgaşdyryjy mehanizmiň döredilmeginiň geljekde zerurlygyna baha bermegi hem-de gelnen netijeleridir maslahatlary, olara geljekde garamak üçin Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna hödürlemegi haýyş edýär,

7. Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki bar bolan başlangyçlaryna we platformalaryna hem-de beýleki degişli başlangyçlaryna, platformalaryna daýanmak bilen, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiň utgaşdyrmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit komissiýalary we degişli hyzmatdaşlar bilen bilelikde anyk maglumatlara esaslanýan aýdyň ählumumy, sebit hem-de milli görkezijileri, öňdebaryjy tejribäniň mysallaryny we meýletin borçnamalary özünde jemleýän hem-de onýyllygyň tutuş dowamynda hakyky maglumatlar esasynda açyklygy, çözgütleriň kabul edilmegini goldaýan, býujetden daşary serişdeleriň hasabyna onýyllygy geçirmekde ösüşi hasaba almak we gözegçilik etmek üçin ulagyň durnuklylygynyň bilelikdäki Atlasyny işläp taýýarlamagy we ony goldamagy karar edýär,

8. Agza döwletlere milli we sebit strategiýalaryny onýyllygy geçirmegiň meýilnamasynda beýan edilen esasy ugurlara, şol sanda dürli milli şertleri we ileri tutulýan ugurlary hasaba almak bilen, durnukly ulagy ösüşiň milli meýilnamalaryna ornaşdyrmak arkaly laýyk getirmegi teklip edýär,

9. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Hökümetlerine we beýleki degişli gyzyklanma bildirýän taraplara, şeýle hem ählumumy, sebit we sebitara guramalara, akademiki toparlara, raýat jemgyýeti guramalaryna, hususy bölege onýyllygyň geçirilmegine, şol sanda zerur bolan halatynda, meýletin tölegleri çekmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we bilimleri alyşmak arkaly oňa işjeň ýardam bermegi teklip edýär,

10. Ulagyň ähli görnüşlerinde howpsuzlygy üpjün etmegiň möhümdigini nygtaýar hem-de Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji onýyllygy (2021 — 2030-njy ýyllar) bilen utgaşykly hereketi güýçlendirmäge çagyrýar,

11. Şu Kararnamanyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly geçirilmegi mümkin bolan ähli çäreleriň çykdajylarynyň meýletin tölegleriň, şol sanda hususy bölegiň meýletin tölegleriniň hasabyna amala aşyrylmalydygyny nygtaýar hem-de agza döwletlere we beýleki hemaýatkärlere bu maksat üçin býujetden daşary serişdeleri çekmegi teklip edýär,

12. Halkara maliýe edaralaryna, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hemaýatkärlere, ösüş banklaryna, hususy bölege durnukly ulag ulgamynda, esasan-da, ösüp barýan ýurtlarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlik möçberde we anyk esasda serişdeleri jemlemegi maslahat berýär,

13. 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan eden 77/286 Kararnamasyna salgylanýar hem-de agza döwletlere, Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyna, sebit komissiýalaryna, ähli gyzyklanma bildirýän degişli taraplara bu güni geçirmegi onýyllygyň çäklerinde gazanylan ösüşlere yzygiderli syn bermek hem-de beýan etmek üçin, şol sanda onýyllygy geçirmegiň meýilnamasyny amala aşyrmaga ýardam berýän meýletin borçnamalar we öňdebaryjy tejribeleriň mysallary baradaky maglumatlary yglan etmek arkaly ony platforma hökmünde peýdalanmagy maslahat berýär,

14. 85-nji sessiýasynyň deslapky gün tertibine, “Durnukly ösüş” diýlip atlandyrylan bendiň çäklerinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” ady bilen kiçi bendi girizmegi karar edýär,

15. Baş sekretardan Baş Assambleýanyň 85-nji we 90-njy sessiýalarynda bu çäräni durmuşa geçirmekde gazanylan ösüş baradaky maglumatlary özünde jemleýän maglumatlara, öňdebaryjy tejribäniň mysallaryna we toplanylan tejribä esaslanýan görkezijileri peýdalanmak arkaly taýýarlanylan onýyllygy geçirmegiň barşy baradaky hasabatlary hödürlemegi haýyş edýär.